Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow bu komitetiniň ýapon tarapynyň başlygy, Ýaponiýanyň “Itochu Corporation” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subai bilen duşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, iki tarapyň ýolbaşçylary nebitgaz, gazhimiýa we gaýtadan işleýän senagat pudaklaryndaky, ulag we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşigiň dowamynda iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi we häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalar maslahatlaşyldy. Taraplar dünýädäki häzirki ykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutmak bilen, öňdebaryjy maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlykda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça edilmeli indiki işlere seretdiler.

Şeýle hem, ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda üstünlikli amala aşyrylýan taslamalar, hususan-da, Mary şäherindäki ammiak we karbamid öndürýän zawody, Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumy, Garabogazdaky karbamid öndürýän zawody, Türkmenistanyň Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän (GTG) zawody barada bellenilip geçildi. Lebap welaýatynda döwrebap gaz turbinaly elektrostansiýasynyň gurluşygynyň dowam edýändigi barada hem aýdyldy.

Mundan başga-da, taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki özara saparlaryň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda 10-njy maýda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Lebap welaýatynda Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurulýan gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynyň alnyp barylýandygyny belläp, Ýaponiýanyň Premýer-ministrini onuň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÝAPON KOMITETINIŇ BAŞLYKLARYNYŇ DUŞUŞYGY
Serdar Berdimuhamedow ýapon tarapy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny maslahatlaşdy
TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türk kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyna goşuldy
Türkmenistan we Ýaponiýa birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň baş maksadymyz halkymyzyň durmuşyny gowulandyrmakdan ybaratdyr