Türkmen ýaşlary iki aýda halkara sport ýaryşlarynda 37, bilim bäsleşiklerinde 30 medal gazandylar

Türkmen ýaşlary iki aýda halkara sport ýaryşlarynda 37, bilim bäsleşiklerinde 30 medal gazandylar

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda türkmenistanly mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 30 medal gazandylar.Türkmen türgenleri bolsa halkara sport ýaryşlarynda jemi 37 sany (10 altyn, 9 kümüş, 18 bürünç) medala mynasyp boldular.

TDH-nyň habar berşi ýaly, bu barada 1-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowyň gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri baradaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, garalýan döwürde ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi.Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary bilim işinde giňden ulanyldy.

Elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň gerimini giňeltmek boýunça işler amala aşyryldy.

Hasabat döwründe ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi.Ylmy temalaryň 494-siniň ýerine ýetirilişi utgaşdyryldy, okuw kitaplary, gollanmalar, maksatnamalar seljerilip, olaryň 359-sy makullanyldy.Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hem-de gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek bilen bagly guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Ýanwar-fewral aýlarynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler geçirildi. Ylmy-kliniki merkezleriň gurluşyk hem-de döwrebaplaşdyrmak işleri dowam etdirildi.

Bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, çempionatlara, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işler alnyp baryldy.

Döwlet Baştutanynyň Karary esasynda yglan edilen hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmek baradaky guramaçylyk toparynyň mejlisi geçirildi. Hünär kämilleşdirmek we tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlara gulluk iş saparlary amala aşyryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, olara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi. Şeýle-de sporty ösdürmäge aýratyn üns berip, ýurtda dürli sport çärelerini we halkara ýaryşlary yzygiderli geçirmegiň zerurdygy barada aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi