Türkmen zenanlary prezidentiň 8-nji mart sowgadyna 3,5 kilogram sogan satyn alyp bilýär

Türkmen zenanlary prezidentiň 8-nji mart sowgadyna 3,5 kilogram sogan satyn alyp bilýär

Türkmenistanyň prezidentiniň şu ýyl Halkara aýallar güni mynasybetli beren sowgady 60 manatdan ybarat.Bu resmi kurs boýunça 17 amerikan dollaryna we gara bazar nyrhyndan 3 dollara barabar.Bu pula şu gün Türkmenistanda köp zat satyn alyp bolmaýar, emma ol meselem 3,5 kilogram sogana ýa-da 5 kilogram una ýetýär.

Emma adatça şeýle ujypsyz sowgat dabaraly ýagdaýda gowşurylýar, ony alan zenanlar özleriniň prezidente aşa minnetdarlygyny köpçülikde bildirmäge we ýüzüne sylmaga mejbur bolýarlar.

Prezidentiň adyndan zenanlara 60 manat mukdarda nagt pul sowgady 2023-nji ýylyň 1-6-njy mart aralygynda dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 24-nji fewralda gol çeken buýrugyna görä, sowgat diňe işleýän aýallara, pensiýa alýan zenanlara we okuwçylara, şeýle-de çagalar baglaryna gatnaýan gyz çagalara berler. Ýurduň galan aýal ilatyna prezidentden sowgat berilmeýär. Işlemeýän aýallara, mekdepde okamaýan, çagalar bagyna gatnamaýan gyzlara, şeýle hem hususy kärhanalarda zähmet çekýän aýallara ýyllarboýy pul sowgady paýlanmaýar.

Döwlet edaralarynda we kärhanalarynda sowgady gowşurmak üçin taýýarlyk işleri başlandy. Azatlygyň Lebapdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, bu ýerde pul nagt görnüşinde gol çekdirilip, berler.

Habarçymyz köpleriň bu sowgatdan uly şatlyk duýmaýandygyny, sebäbi mukdaryň azdygyny belleýär. Şeýle-de bolsa, prezidentiň adyndan beriljek pula käbir zatlary satyn alyp bolýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda 60 manada, hususan-da, aýallar üçin şu sanawdaky harytlaryň käbirini satyn alyp bolýar:

Kiçiräk gül dessesini

Aýallar üçin arassaçylyk serişdesiniň üç gutusyny

Üsti açyk şypbyk

Köýnek üçin keşdeli ýaka

Bir köýnek üçin matanyň 1/3 bölegi

Azyk önümlerine gezek gelene, 60 manat 1 kilogram et ýa-da balyk satyn almak üçin ýeterlik däl, ýöne başga önümleriň käbirini satyn alyp bolýar:

3 kilogram pes hilli tüwi

2 kilogram greçka

2 litr ösümlik ýagy

450 gram mesge ýagy

3,5 kilogram sogan

Türkmenistanda aýal-gyzlar her ýyl prezidentden pul sowgat alýarlar. Sowgady gowşurmak dabarasy adatça döwlet telewideniýesinde görkezilýär. Dürli ýaşdaky aýallaryň prezidentiň sowgady üçin minnetdarlyk bildirip, ony ýüzlerine sylýandygy görkezilýär.

Ozalky ýyllarda pul sowgadyny gowşurmak dabarasy kiçi ýaşly gyzlar üçin hem guraldy. Olaryň puly alyp, minnetdarlyk bildirişi we ulular bilen deň derejede ony ýüzüne sylmagy döwlet telewideniýesinde görkezildi.

Resmi metbugatda habar berlişi ýaly Halkara aýallar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak tejribesi, Türkmenistanyň prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralyndaky 1152 belgili karary esasynda alnyp barylýar.

Türkmenistanda aýallara mart aýynda pul sowgatlaryny bermek däbi, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlandy. Başda bu martyň aýagynda Nowruza gabat berilýärdi. 8-nji martda Halkara aýallar gününi bellemek tejribesi 2008-nji ýylda Türkmenistanyň ikinji prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan dikeldildi.

Prezidentiň adyndan pul sowgady ilatyň başga gatlaklaryna hem berilýär.

Her ýyl pul sowgady köp çagaly enelere, Ikinji jahan urşunyň weteranlaryna berilýär. Sowgat alýanlaryň prezidentiň sowgatlary üçin pul tölemeli bolan ýagdaýlary hem seýrek däl.

Ýaňy-ýakynda "Ene Mähri" adyna dalaşgär edilip, hödürlenen köp çagaly eneler täze talap bilen ýüzbe-ýüz boldular.Hususan-da, Balkan welaýatynda hormatly ada dalaşgär görkezilen aýallar, özlerine beriljek altyn zynjyrlary we döwletden alnan beýleki gymmatly sowgatlary satmajakdyklaryna öňünden güwä geçip, dil hat bermeli edildi.

Dilhatynda aýallar baýraklarynyň "Halkbankda" saklanmagyna-da razylyk görkezdi. Şeýlelikde, olara öz baýraklary diňe döwlet çärelerine gatnaşmak üçin wagtlaýyn berler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu çäreleriň sebäbiniň bu baýraga mynasyp bolan birnäçe zenanyň baýraklaryny satyp, jogapkärçilige çekilmegi bilen bagly bolandygyny anykladylar. Şeýle ýagdaýlaryň biri geçen güýzde bolupdyr.

"Gyzylarbat etrabyndan bir enäniň döwlet tarapyndan sowgat berlen altyn zynjyryny we ordenini satandygynyň üsti açyldy.Bu ene Garaşsyzlyk baýramçylygy üçin döwlet telewideniýesine surata düşürilýän çäreleriň birine çagyrylypdyr. Şonda ondan altyn zynjyryny dakynmak talap edilipdir.

Onuň bulary satandygy anyklananda, welaýat medeniýet bölümi we aýallar guramasy "Arkadag adyndan berlen altyny satmagyň uly günä we jenaýatdygyny aýdyp, onuň işini suda geçiripdirler" diýip, anonim gürleşen çeşme 21-nji fewralda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şol ene özüniň köp çagasynyň bardygy we pul gerekdigi bilen düşündiripdir. Emma sud ony üç ýyl azatlykdan mahrum etmek kararyny çykardy. Bu wakadan soň Milli howpsuzlyk ministrligi we polisiýa "Ene mähri" adyny alan beýleki eneleri derňäp başlady we azyndan şuňa meňzeş dört wakanyň üstüni açdy.

Azatlyk Radiosy agzalan wakalar bilen bagly admalaryň şahsyýetini, howpsuzlyk sebäplere görä, açmakdan saklanýar.

Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident bolan döwründe döredilen "Ene mähri" sekiz ýa-da has köp çagaly enelere berilýär. Her ýyl 250-e golaý aýal bu at bilen sylaglanýar, olaryň sanawlary 8-nji mart baýramynyň öňüsyrasynda çap edilýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň soňky 6 ýylda başdan geçirýän ykdysady krizisiniň fonunda ilatyň ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny resmi taýdan boýun almaýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň onlarça ýurdunda Magtymgula bagyşlanan kitaplar çap edildi
MUZEÝE BERLEN SOWGATLAR
Aşgabatdaky mekdebe koreý dilindäki okuw kitaplary, gollanmalar we ofis enjamlary sowgat edildi
Detoxboxtm Sowgat sertifikaty hyzmatyny hödürleýär
Belet Film markaly sowgat kartlary satuwa çykaryldy
Türkmenistanda Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda Kanuna täze üýtgetmeler girizildi, Sweýsariýaly kolleksioner Döwlet muzeýine 80 sany türkmen milli şaý-seplerini sowgat berdi, TNGIZT elektron poçta salgysyny üýtgetdi