Türkmen žurnalistleri ýurtda senzuranyň ýokdugyny aýdýarlar

Türkmen žurnalistleri ýurtda senzuranyň ýokdugyny aýdýarlar

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde Merkezi Aziýadaky metbugat azatlygy boýunça geçirilen Konferensiýanyň dowamynda bir tarapdan adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistandaky media azatlygynyň çäklendirilýändigini, garaşsyz žurnalistleriň her dürli basyşlara sezewar edilýändigini aýtsalar, beýleki tarapdan türkmen wekilleri bulary ret edip, ýurtda ähli zadyň “gülala-güllükdigini” öňe sürdüler.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Azat media boýunça wekiliniň edarasy tarapyndan gurnalan, 18-19-njy oktýabr aralygynda geçen “Merkezi Aziýadaky açyk žurnalistika” atly 19-njy Konferensiýanyň dowamynda “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýew öz çykyşynda ýurtdaky erkin metbugatyň gysylýandygyny aýtmak bilen birlikde, garaşsyz, şol sanda Azatlyk Radiosynyň žurnalistleriniň her dürli basyşlara, şol sanda galp aýyplamalar bilen tussag etmelere sezewar edilýändiklerini nygtap geçdi.

Get Adobe Flash Player

Embed code

Copy and paste the embed code below. The code changes based on your selection.

The code has been copied to your clipboard.

Video size

width

x

height

pixels

"Berdimuhamedow köp zähmet çekýär"

Wideony paýlaş

https://www.azathabar.com/a/28806086.html

0:04:24

0:00:00

/0:04:24

Ýükle

270p | 11,3MB

360p | 15,5MB

720p | 41,6MB

1080p | 91,1MB

Mätiýew muňa mysal hökmünde 2015-nji ýylyň iýulyndan bäri tussaglykda saklanýan Azatlyk Radiosynyň we “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiriniň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň; geçen ýylyň dekabrynda tussag edilip, maşgalasy bilen her dürli, şol sanda elektrik togy bilen gynamalara duçar edilen we şertli ýagdaýda üç ýyl tussaglyk berlen Hudaýberdi Allaşowyň ykballaryna üns çekdi.

Gepiň gerdişine görä bellesek, halkara hukuk goraýjy toparlary türkmen häkimiýetleriniň Nepesgulyýewe “bikanun tramadol dermanynyň dolanyşygy” we Allaşowa “bikanun nas serişdesiniň dolanyşygy” boýunça bildiren aýyplamalarynyň olardan žurnalistiki işi üçin ar almak maksady bilen toslanandygyny aýdypdylar.

Mätiýew oz çykyşynda Azatlyk Radiosynyň 68 ýaşly habarçysy Soltan Açylowa hem her dürli basyşlaryň, hatda hüjümleriň hem edilýändigini ýatladyp geçdi.

Bu aralykda, Konferensiýa gelen türkmen wekilleri, hususanda Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň habarçysy Irina Salnikowa, umuman, žurnalistleriň nähilidir bir basyşlara we gynamalara sezewar edilýändigini ret etdi.

Ýokarda ady agzalan habarçylar barada adam hukuklaryny goraýan toparlaryň, daşary ýurt resmileriniň eden beýanatlaryna garamazdan, Salnikowa olaryň ýagdaýlary barada hatda eşitmändigini hem sözüne goşdy.

Türkmen wekilleri Mätiýewiň ýurtdaky metbugatyň döwletiň berk gözegçiliginde saklanýandygy, şeýle-de onuň diňe bir adamyň şahsyýet kulty üçin ulanylýandygy baradaky belliklerini hem ret etdiler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň habarçysy Salnikowa ýurtda senzuranyň ýokdugyny, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň metbugatda aşa köp duş gelýändigini bolsa, onuň kän işleýändigi bilen düşündirdi.

Mundanam başga, Salnikowa çykyşynyň ahyrynda, anyk nämäni göz öňünde tutandygyny takyklaşdyrman türkmen-owgan serhedinden söz açdy.

“Türkmenistanyň Owganystan bilen 700 kilometrlik, iň uly araçäginiň bardygyny bellemeli. Belki-de takal okamaga gerek ýokdur. Esasy zat parahatçylyk we asudalyk. Belki-de, şunuň bilen ähli zat baglydyr” diýip, Salnikowa näme bilen baglylykda aýdandygyny takyklaşdyrman, belledi.

Galyberse-de, Türkmenistan media azatlygy boýunça halkara hasabatlarynda ýyldan-ýyla iň soňky orunlarda ýerleşdirilip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa, “Serhetsiz reportýorlar” guramasy tarapyndan “Internetiň ganym duşmany” diýlip atlandyrylypdy.

Ýurtda Facebook, Twitter, Wkontakte ýaly sosial ulgamlaryň we garaşsyz maglumatlary çap edýän, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtlary hem petikli bolmagyna galýar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Duşenbede geçirilýän suwly maslahata gatnaşýar, synçylar daşky gurşawa aladaly garaýar
Berdimuhamedow krizis döwründe kaşaňdan-kaşaň myhmanhana gurdurýar
Daşoguzda gök-bakja ekinleri gymmatlaýar, polisiýa söwdegärleri bazardan kowýar
Daşoguz welaýatynda ýene duzly tozan ýagýar
Migrasiýanyň başlygynyň talabyndan soň gidýän we gelýän raýatlara degilmeýändigi aýdylýar
Berdimuhamedowyň nobatdaky zehini’: awto-inženerçilik