Türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary Käbeden gaýdyp geldi

Türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary Käbeden gaýdyp geldi

Şu gün Gurban aýynyň nurana günlerinde mukaddes Mekgede we Medinede bolup, haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary Aşgabada sag-aman dolanyp geldi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, zyýaratçylar mukaddes däp-dessurlary, musulman dünýäsindäki parz işleri berjaý etmäge döwlet tarapyndan döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin hoşallyklaryny beýan edýärler.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýyl türkmen zyýaratçylarynyň jemi 2312-si Türkmenhowaýollary agentligi tarapyndan Aşgabat — Jidda aralygynda ýörite guralan göni howa gatnawlary arkaly sekiz günüň dowamynda, tapgyrlaýyn esasda haj parzyny berjaý etmäge ugradyldy.

Türkmen zyýaratçylary yslam dünýäsiniň merkezi hasaplanýan mukaddes Mekgede bolup, keramatly Käbä togap etdiler. Ýedi ýola Sapa we Merwe daglarynyň aralygyny geçdiler. Olar Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinden gelen musulmanlar bilen bilelikde haj parzyny berjaý edip, mukaddes Medinede Muhammet pygamberiň we onuň sahabalarynyň aramgählerine, belli metjitlere we beýleki keramatly ýerlere zyýarat etdiler.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN ZYÝARATÇYLARY MEKGÄ HAJA UGRADYLAR
Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý ederler
Türkmenistan çilimiň we suw çiliminiň şiresiniň bikanun getirilmegine garşy göreşi güýçlendirer, Türkmenistandan iki müňden gowrak zyýaratçy Mekgede haj parzyny berjaý eder, Ogonki ansambly Awazada öz çykyşlaryny görkezer we beýleki habarlar
TÜRKMEN ZYÝARATÇYLARY HAJ PARZYNY BERJAÝ EDERLER
Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar
Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi, Arkadag şäherinde durmuş toýy tutuldy, türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyndan Watanlaryna dolandylar we beýleki habarlar