Türkmenabat şäheriniň “Gök” bazarynda azyk harytlarynyň gymmatlamagynyň fonunda arzan bahadan pomidor satylýar. Döwletiň garamagyndaky söwda nokatlarynda garaşylmadyk ýagdaýda satuwda peýda bolan bu azygyň hyrydary barha köpelýär.
Bazar satyjylary pomidoryň daňdan sagat 6:00-dan tä bazar ýapylýança satylýanlygyny aýdýarlar. Döwlet dükanlarynda ilata hödürlenýän pomidoryň bahasy hususyýetçilere seredende tas iki esse arzan.
“Bazarda pomidoryň kilesi 15 manat, hökümetde 8 manat” diýip, bazar satyjysy 13-nji noýabrda habar berdi.
Türkmenabatly polisiýa işgäri bu arzan pomidoryň hyrydary "gün günden artýar" diýip, gürrüň berdi we döreýän uly nobatlara polisiýanyň gözegçilik etmeli bolýandygyny belledi.
“Ertirden agşama çenli pomidor satylýar. Çäk ýok, şol sebäpli ýakyn etraplardan hem adamlar gelýär. Nobatlar uly. Nobatlara gözegçilik etmek üçin kärdeşleri ugradýarlar. Bazaryň polisiýasy azlyk edýär” diýip, polisiýa işgäri aýdýar.
Türkmenabatda arzan pomidoryň satylýandygy barada habar tutuş Lebap welaýatyna tiz ýaýrady. Etrap ýaşaýjylary welaýatyň merkezine ugrady.
Çeşmeleriň sözlerine görä, nobatda durýan adamlaryň aglabasy etrap ýaşaýjylary.
“Şäher ýaşaýjylary-da bar, emma 60% diýen ýaly, Farap, Dänew, Çärjew we Saýat etrabynyň ýaşaýjylary" diýip, çeşme aýdýar.
Türkmenabadyň häkimligine ýakyn çeşme döwlet dükanlarynda birden arzan bahadan pomidoryň satylyp başlanmagynyň sebäbini şeýle düşündirdi:
“Russiýa we goňşy ýurtlara eksport edilen pomidorlaryň aglabasy hili pes bolanlygy sebäpli yzyna gaýtarylýar. Şol pomidorlar hem halka satylýar” diýip, çeşme aýtdy.
Bu arzan pomidory satyn alan ýaşaýjylar onuň bazardaky ýaly tagamly däldigini aýdyp, ony diňe arzan bolany üçin satyn alandygyny gürrüň berdi.
“Hususyýetçilerdäki pomidor gymmat bolsa-da, hili gowy, hem-de tagamy bar. Emma hökümetiň satýan pomidory tiz zaýalanýar. Emma arzan bolany üçin adamlar satyn alýar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjysy aýdýar.
Azyk harytlarynyň gymmatlamagynyň arasynda döwlete degişli söwda nokatlarynda uly mukdarda pomidoryň satuwa çykarylmagy bilen bagly ýagdaýlar öňem bolupdy.
Şu ýylyň başynda Balkan welaýatynyň bazarlarynda dörän "pomidor bolçulygyny" ýerli söwda edaralaryndaky çeşmeler daşary ýurtlara eksport edilmek üçin niýetlenen içerki önümiň gyssagly satylmagyna zerurlygyň döränligini Azatlyk Radiosyna anonimlik şertinde aýdypdy.
Mundan öň daşary ýurtlara eksport edilen türkmen pomidorynda dürli keselleri emele getirýän mikroorganizmleriň tapylandygy barada ençeme gezek habar berlipdi.
Türkmenabadyň häkimligine ýakyn çeşme döwlet dükanlarynda satylýan pomidorlaryň sanitar epidemiologiki barlaglardan geçirilýändigini Azatlyk Radiosyna anonimlik şertinde aýtdy. Häkimligiň wekillerinden resmi görnüşde teswir alyp bolmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.