Türkmenabadyň innowasion hassahanasy daşary ýurtly näsaglary kabul edip biler

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde Merkezi Aziýada iri köpugurly hassahana açyldy. Bu özboluşly edaranyň mümkinçilikleri daşary döwletlerden, ozaly bilen, goňşy ýurtlardan, şol sanda Owganystandan näsaglary kabul etmäge-de mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynda daşary ýurtly näsaglaryň gelmegi, şeýle hem hassahanany ylmy-usulyýet we işgärler bilen üpjün etmek bilen bagly guramaçylyk meseleleri çözüldi. Lukmançylyk merkezinde işlemek üçin ýokary derejeli hünärmenler çekiler, şu maksat bilen paýtagtymyzdaky we daşary ýurtlardaky ugurdaş hassahanalar bilen ýakyn gatnaşyklar ýola goýlar.

Döwrebap lukmançylyk toplumy 50 müň inedördül metre golaý meýdany eýeläp, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Irlandiýanyň, Şweýsariýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy kärhanalarynyň lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly hassahanany we ýokanç keselleri hassahanasyny, şeýle hem lukmanlar üçin ýaşaýyş jaý toplumyny öz içine alýar.

Bu iri maýa goýum taslamasy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “NAHAL” hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy.

676 orunlyk 5 gatly baş binada gaýragoýulmasyz tiz kömek, anesteziologiýa-reanimasiýa, angiografiýa, pulmonologiýa, endokrinologiýa, gastroenterologiýa, fizioterapiýa, gemodializ, rentgenologiýa, oftalmologiýa, hirurgiýa, kardiologiýa, otorinolaringologiýa, nefrogematologiýa, neýrohirurgiýa, newrologiýa, merkezi we periferiki nerw ulgamynyň keselleri, oňurga patologiýasy, rewmatologiýa, toksikologiýa, trawmotologiýa hem-de ortopediýa, urologiýa, şeýle hem trawmotologiýa bölümi, gan banky, barlaghana we beýlekiler bar.

Gije-gündiz işleýän gaýragoýulmasyz tiz kömek bölüminde syrkawlary barlamak üçin otaglar, keseli dessin we takyk anyklamak, hassaglara kardiologiýa, newrologiýa, pulmonologiýa, endokrinologiýa, gastroenterologiýa, hirurgiýa ýaly ugurlar boýunça ilkinji lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen otaglar bar.

Bu ýerde ulanmak üçin ykjam, ygtybarly we amatly reanimasiýa hem-de kesel anyklaýyş enjamlary oturdyldy. Lukmanlaryň ygtyýarynda “Nihon Kohden Europe GmbH” ykjam defibrillýator, “Oxylog 2000 Plus” kysymly göçme emeli dem alyş enjamy we beýleki tehnikalar bar. Şeýle hem “Tiz kömek” gullugy bilen hassahana getirilen örän agyr ýagdaýdaky adamlar üçin tiz bejeriş ýörite otaglar göz öňünde tutuldy.

Trawmotologiýa bölüminiň operasiýa otagy hem täze döwrebap lukmançylyk abzallary, ýagny “Drager” kompaniýasynyň (Germaniýa) “Fabius Tiro” narkoz beriji enjamlary, köpugurly operasiýa stoly bilen üpjün edildi. Hassahanada syrkawlary hasaba almagyň elektron ulgamy ornaşdyryldy. Hassalar kesellerine baglylykda, zerur hünärmeniň ýanyna hem-de gündizki bejergiler üçin degişli bölüme ugradylýar.

Hassahananyň rentgenologiýa bölüminde oturdylan öňdebaryjy enjamlar, şol sanda dünýä belli “Toshiba” kompaniýasynyň öndürýän “Aguilion ONE Vizion” kompýuter tomografy keselleri takyk anyklamaga ýardam eder, ol 4D görnüşdäki suraty almaga mümkinçilik berýär.

“Magnetom Essenza Siemens” magnitli rezonans ulgamynyň kömegi bilen keselleriň birnäçesini ýüze çykarmak bolýar. Olar dürli sowuklama hem-de çişler, gan-damar we nerw ulgamlarynyň, oňurga hem-de bogunlaryň keselleri we beýlekilerdir. Bu usul köplenç ýagdaýda keseli diňe irki döwründe ýüze çykarmaga däl-de, eýsem, onuň gelip çykyşyny kesgitlemäge, öz wagtynda dogry bejergini bellemäge mümkinçilik berýär.

“Siemens” kompaniýasynyň “Luminos Fusion” flýuoroskopy — bu öýken kesellerini anyklamak üçin sanly enjamdyr. Adaty flýuroskoplar bilen deňeşdireniňde, ol näsagyň bedenine rentgen şöhlelenmäniň ýaramaz täsirini doly diýen ýaly aýyrýar. Şeýle hem bölümde ykjam rentgen ulgam —“Mobilett Mira Max Siemens AG, Siemens Healthcare GmbH” sanly ulgam ornaşdyryldy, ol süňk bogun ulgamynyň, aşgazan-içege, garyn boşlugy we beýleki keselleri anyklamakda möhümdir.

Maslahat beriş we kesel anyklaýyş bölüminde näsaglary ýokary hünärli kardiolog lukmanlar, rewmatologlar, endokrinologlar, psihiatrlar, oftalmologlar, akuşer-ginekologlar, otolaringologlar we pediatrlar kabul edýärler. Bu ýerde lukmançylygyň soňky gazananlaryna laýyklykda üpjün edilen belli bir ugurly anyklaýyş otaglary bar.

Mysal üçin, “Toshiba Aplio-500” ultrases barlag enjamy oturdyldy.Bu enjam düýpgöter täze, döwrebap usula esaslanyp, kliniki taýdan takyklygy boýunça özboluşly we ýokary derejedäki şekilleri oňat hilde görkezmäge ukyplydyr.

Enjam sensor dolandyryş paneline, kabul ediş-geçiriji ýaýlymlaryň onlarça müňüsine, datçikleriň 30-dan gowrak görnüşine eýe bolup, garyn boşlugyny, kiçi beden agzalaryny, damar-skelet ulgamyny, iýmit geçiriji beden agzalaryny, kardiologiýa barlaglaryny geçirmek üçin niýetlenendir.

Toshiba Aplio 500 UZI-skaneriň kömegi bilen ýüregiň morfologiýasyny we üýtgemelerini hem-de onuň klapan enjamynyň (EHO-KG usuly), şeýle hem beýniniň ultrases (neýrosonografiýa) barlaglaryny geçirmek mümkindir, bu usul şol sanda täze doglan (bir ýaşa çenli) çagalaryň keseli anyklananda hem ulanylýar. Bu anyklaýyş usuly magnit-rezonans tomografiýasynyň usulyny çalyşdy.

Anesteziologiýa — reanimasiýa bölümi 24 orundan ybarat bolup, onuň esasy wezipesi keseli agyrlaşan näsaglara intensiw lukmançylyk kömegini bermekden, hirurgiýa operasiýalarynda agyrsyzlandyrmanyň dürli usullaryny ulanyp, näsaglara ýardam bermekden ybaratdyr. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriiň döwrebap enjamlary Infinity Сentral Station Wide merkezi monitoring stansiýasyna birikdirilendir.

“Drager” kompaniýasynyň işläp taýýarlan “Infiniti Omega” atly ýörite kompýuter progammasy näsaglaryň ýagdaýy baradaky görkezijileri özünde jemleýär hem-de olary ýazyp saklaýar we arhiwleşdirýär. Hünärmenler ylmy-barlaglar geçirenlerinde bu maglumatlardan peýdalanyp bilerler.

Näsagyň beden agzalarynyň görkezijileri “Infiniti Delta” kardiomonitorlaryň kömegi bilen anyklanýar, olar gije-gündiziň dowamynda näsaglaryň ýagdaýyna, arterial gan basyşyna, dem alşyna, ýüregiň urşuna ganyň düzümindäki kislorodyň derejesine, bedeniň temperaturasyna gözegçilik etmäge ýardam edýär.

Bölümde oturdylan “Drager Sawina 300” emeli dem alyş enjamlary häzirki wagtda öňdebaryjy we ygtybarly enjamlar hasaplanýar. Olaryň kömegi bilen dem alyş beden agzalary hem-de dürli öýken keselli adamlarda bejeriş geçirilýär.

“TES-5631” kardiodefibrillýatory näsagyň ýürek işjeňliginiň bozulan halatynda, aritmiýalaryň dürli görnüşlerinde gyssagly gaýragoýulmasyz kömek bermäge niýetlenendir. Güýçli täsirli derman serişdelerini takyklanan mukdarda damara goýbermek üçin “Injectomat MC Agilia” hem-de “Volumat MC Agilia” perfuzomatlary ulanylýar.

Bulardan başga-da, bölümde näsaglarda goşmaça barlag geçirmek hem-de bejeriş mahaly keseli anyklamak, şol sanda häzire çenli bar bolan enjamlaryň arasynda has kämil hasaplanýan “Aplio 500 TUS-A500/WA” ultrases enjamlary, “Mobilet Mira Max” ykjam rentgen enjamy bolup, ol agyr ýagdaýda ýatan ýa-da hereketi çäklendirilen näsaglarda rentgenografiýa barlagyny geçirmek üçin niýetlenendir.

Iş orunlarynyň awtomatlaşdyrylmagyna hem-de operasiýalaryň geçirilýän mahaly hirurglaryň we anesteziologlaryň lukmançylyk gurallary bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär.Narkoz üçin “Drager” kompaniýasynyň “Fabius Plus XL” we “Fabius Tiro” enjamlary häzirki zaman anesteziýa we öýkene emeli ýagdaýda howa bermek usullaryny ulanmaga mümkinçilik berýär. Ýörite monitoryň enjamyna birikdirilen ekranda grafiki tablisa görnüşinde gan basyşy, ganyň düzüminde kislorodyň möçberi, näsagyň ýürek urşunyň ýygylygy, kömürturşy gazy, azodyň we näsagyň anesteziýa wagtynda dem alanda howanyň anestetiki derejesi baradaky maglumatlar peýda bolýar.

Bu maglumatlar kardiohirurga, anesteziologa we beýleki hünärmenlere näsagyň edil şol wagtdaky ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Gany toplamak, arassalamak we guýmak üçin “Fresenius Kabi” nemes kompaniýasynyň “CATS Plus” enjamy, gany, onuň düzümleriniň, şeýle hem infuzion erginleri näsagyň bedenine goýbermezden ozal doň ýagdaýdan eretmek hem-de gyzdyrmak üçin ýörite “Barkey S-line” we “SAHARA-III” enjamlary göz öňünde tutulandyr, olar içki gan urmalary çalt togtatmak üçin zerurdyr.

Angiografiýa-hassahananyň işiniň ýene-de bir ugrudyr. Bölümde Ýaponiýanyň “Toshiba” kompaniýasynyň önümi bolan “Infinix VF-i” angiografiy oturdylyp, ol kesel anyklaýyşda, şeýle hem ýürek-damar ulgamynyň kesellerini ýaňy başlangyç döwründe bejermekde, keseliň agyrlaşmagynyň öňüni almakda, damarlaryň işjeňligini dikeltmekde ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Köpugyrly barlaghana klinika-biohimiýa, sitologiýa, bakteriologiýa we beýleki barlaglary geçirmek üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün edilip, olar “EliTechGroup”, “Fresenius Kabi Deuschland”, “Glaswa-renfabrik kari Hecht”, “Horiba ABX SAS”, “SIEMENS”, “Tcoag Ireland Limeted” kompaniýalarynyň getiren enjamlarydyr.

Hususan-da, olar VIDAS PC özbaşdak kompýuterli awtomatiki immunoanalizator, “ABX MikrosES60” kysymly gematologiki analizator bolup, ol 18 ölçeg boýunça ganyň seljermesini geçirmäge ukyplydyr, 4 tolkunly mehaniki analizator-“KC-4 Delta” koagulometri bolup, onuň kömegi bilen ganyň goýalmagynyň seljermeleri geçirilýär, “Mikrolab300” biohimiýa analizatory we beýleki enjamlardyr.

Bu enjamlar dürli gan keselleri—leýkoz, gemofiliýa, Werlgofyň keseli, şeýle hem osteoporoz, epilepsiýa, şeýle hem ganazlygyň birnäçe görnüşleri barlananda ulanylýar. Barlaghanada ulanylýan immunologiýa analizatorlary galkan görnüşli mäziň gormonlaryna seljerme geçirilende, şeýle hem wiruslaryň birnäçe görnüşleriniň barlaglarynda ulanylýar. Biohimiýa analizatorlarynyň kömegi bilen bagyr, böwrek, aşgazanasty mäz keselleri kesgitlenilýär.

Fizioterapewtiki bölümiň enjamlary amatly seçilip alnypdyr. Hususan-da, bu ýerde elektro we magnit terapiýasy, lazer, ultramelewşe we ultrases terapiýasy üçin abzallar bar. Bu ýerde parafin we ozokerit applikasiýalary, refleksoterapiýa, owkalamak usullary, şeýle hem dem alyş ýollary keselli näsaglar üçin bolsa, dürli dermanlyk serişdeleriniň ingalýasiýasy ulanylar.

Ýokary basyşly kislorod kamerasy ýürek-damar we endokrin ulgamlarynyň, dem alyş we iýmit siňdiriş agzalarynyň kesellerini bejermekde ulanylýar. Ol maddalaryň alyşmagyny hem-de dokumalarda gan aýlanyşyny, dezintofikasiýany gowulandyrmaga ýardam edýär, trofiki ýaralaryň hem-de operasiýadan soňky ýaralaryň bitmegini, şeýle hem döwük-ýenjiklerden we şikeslerden soň, süňkleriň regenerirlemegini çaltlandyrýar, dokumalarda çişleriň azalmagyna we öýjükleriň täzelenmegine ýardam edýär.

Gastroenterologiýa bölüminde näsaglaryň 30-sy bir wagtda bejergi alyp biler. Bu ýerde döwrebap enjamlary peýdalanmak bilen irki anyklaýyş hem-de aşgazan-içege we bagyr kesellerini bejermek üçin ähli şertler döredildi.

Lukmanlaryň ygtyýarynda sensor ekranly awtomatiki 3 tolkunly CARDIOVIT MS-2010 SchillerAG elektrokardiografy bar. Bu planşet ykjam EKG enjamy ýokary basyş şertlerinde işlemek üçin niýetlenip, esasan näsagyň saglyk ýagdaýyna gije-gündiziň dowamynda gözegçilik etmek üçin niýetlenendir.

Fitoterapiýa burçunda dermanlyk ösümliklerden dürli melhemlik çaýlary we beýleki däri-dermanlar taýýarlanar.

Gemodializ bölüminde ussat hünärmenler işleýär. Onda bejeriş tapgyryny geçirmek üçin “Fresenius FMC” kompaniýasynyň (Germaniýa) “emeli böwrek” “5008S” ýokary tehnologiýaly enjamy ulanylar. Häzir ol ýiti we ötüşen böwrek ýetmezçiligi keselini bejermek, gany toksinlerden we zyýanly galyndylardan arassalamak üçin has netijeli usullaryň biri bolup durýar.

Toksikologiýa bölümi, öz nobatynda, “Multifiltrate” enjamlarynyň ikisi bilen üpjün edilip, olaryň kömegi bilen näsaglara himiki maddalar, derman serişdeleri, kömelekler bilen zäherlenmelerde, ýylan we mör-möjekler çakanda, iýmite bolan allergiýa reaksiýalarynda we dürli intoksikasiýa bilen emele gelen beýleki ýiti kesellerde gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi berler.

Merkeziň beýleki bölümleri, şol sanda oftalmologiýa bölümi hem saglyk üçin pes töwekgelçilikli kyn operasiýalary geçirmäge, döwrebap hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän innowasion üpjünçiligi bilen tapawutlanýar. Onuň düzüminde stasionar bolup, ol terapewtiki oftalmologiýa üçin niýetlenendir. Lukmanlaryň ygtyýarynda döwrebap kompýuterleşdirilen abzallar bolup, olar gaşlaryň, ýaş çykaryjy ýollaryň, gözüň görejiniň we göz almasynyň kesellerini anyklamak hem-de bejermek üçin ulanylýar.

QUANTEL MEDICAL fransuz kompaniýasynyň Aviso UZI enjamy, HEIDELBERG nemes kompaniýasynyň Spectralis OCT tomografy gözüň bardasynyň, onuň damarlarynyň kesellerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Döwrebap kompýuter we lazer tehnologiýalary näsaglaryň ozal umytsyz hasaplanan gözlerini ýagdaýyny saklap galmaga mümkinçilik berýär. Bu usul gözleriň damar, sowuklama we çiş kesellerini anyklamakda örän ähmiýetlidir.

Mikrohirurgiýa oftalmologiýasynyň operasiýa bölümi iki otagdan ybaratdyr: olaryň biri lazer bejergileri, beýlekisi gözlerde çylşyrymly operasiýalary etmek üçin niýetlenendir.Bu ýerdeТAKA GI Seiko mikroskoplary, QERTLI fakoemulsifikatorlary we witreotomlary, QUANTEL MEDICAL we EXELSIUS MEDICAL lazer enjamlary bolup, olar göz ümezlenmesini aýyrmak, linzalary goýmak, görejiň lazer korreksiýasyny geçirmek, gözlere gara suw inmesini, çaşylygy, ýakyndan we uzakdan görmezligi we beýleki keselleri netijeli bejermek boýunça operasiýalary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Bulardan başga-da, merkezde fizioterapewtiki oftalmologiýasy otagy işleýär, bu ýerde “LAST” we “LOT” geliý-neon lazeri, lazer stimulýatorlary, “KROT” elektrostimulýatory, magnitoterapiýasy üçin “AMOATOS” we “Amblikor” enjamlary ornaşdyryldy.

Köpugurly hassahanada hirurgiýa bölümlerini üçüsi göz öňünde tutuldy. Olaryň her birinde aýratyn operasiýa zaly bar. Mundan başga-da, operasiýa kiçi otagy, funksional barlag we anyklaýyş otaglary bar. Otaglarda elektrik hereketlendirijileri bolan “LINET” köpugurly krowatlary goýuldy, olar merkezleşdirilen aragatnaşyk ulgamlary hem-de kislorod beriji ulgamlar bilen üpjün edildi.

Infarkt bölüminde ýürek-damar ulgamynyň kesellerine, hususan-da, işemiýa, ýokary gan basyş, kardiomiopatiýa, miokardit ýaly kesellere sezewar bolan näsaglaryň derdi tiz we takyk anyklanylar, olara netijeli bejergi hem-de lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we enjamlaryň gözegçiliginde dikeldiş işleri geçiriler.

Hünärmenler näsaglaryň angiografiýa barlagyny geçirip, olary doga ýürek keselleriniň dürli görnüşlerinde açyk we endowaskulýar usullary bilen dessin bejergä, şeýle hem ýüregi iýmitlendiriji damarlary, aorto iýmitlendiriji damarlary şuntirleme usullary bilen bejergä ugradýarlar.

Otorinolaringologiýa we äň-ýüz hirurgiýasy bölüminde gulak, bokurdak we burun keselleri bilen bagly operasiýalar, şol sanda polipleri aýyrmak, dem alşy we eşidişi dikeltmek, sowuklama we wirus kesellerinden, gaýmorotomiýa, burun kentlewügini dogrulamak, ýüzüň süňkleri, aşaky äň döwlende, şeýle hem burnuň plastikasy, traheostomiýa, bokurdakda papillomlary lazer bilen aýyrmak ýaly operasiýalar ýerine ýetirilýär. Şunda döwrebap gurallar we enjamlar, şol sanda gulak, burun, bokurdak kesellerini anyklamakda we bejermekde täze enjamlaryň biri — “Otopront” wideoendoskopy ulanylýar.

Operasiýalar bölüminde ýokary tehnologiýaly “Coblator II” elektrohirurgiýa enjamy ornaşdyryldy.Ol “Arthro Care” kompaniýasynyň (ABŞ) önümi bolup, onuň kömegi bilen badam şekilli mäzleri gan çykarmazdan aýryp bolar.Bu usul sowuk plazmanyň ulanylmagyna esaslanyp, keselli dokumany agyrsyz kesmäge ýa-da aýyrmaga, näsagyň teniniň operasiýadan soň, gysga möhletde bitişmegine ýardam edýar.

Sowuk plazmaly hirurgiýa LOR bölümlerde—ABŞ-nyň, Ýewropanyň we Russiýanyň hassahanalarynda üstünlikli ulanylýar.

Nefrogematologiýa bölüminiň stasionarynda hereket edýän krowatlary, sowadyjylary we telewizorlary bolan iki orunlyk otaglar bar. Bu ýerde böwregiň ýiti we ötüşen kesellerini, şeýle hem anemiýa, gemafiliýa, gan damarlaryny bejermek işleri amala aşyrylar. Bulardan başga-da, lukmançylygyň bu ulgamynda ylmy-barlaglary geçirmek göz öňünde tutulýär.

Kelle we boýunoňurga şikeslerini we çişlerini, osteohondrozlary, neýropatiýa, skolioz, kifos kesellerini anyklamak, oňurgaara disklerinde operasiýalary geçirmek we beýlekiler neýrohirurgiýa bölüminiň esasy ugry bolup durýar.

Bulardan başga-da, hassahanada oňurganyň newrologiýasy we patologiýasy bölümi göz öňünde tutulyp, bu ýerde näsaglary bejermek üçin ýörite enjamlar bilen bir hatarda iglorefleksoterapiýa, bejeriş blokadalary we manual terapiýasy ulanylar.

Beýni gan aýlanyşygy, pulmonologiýa we urologiýa bölümlerinde bejerginiň innowasion usullary ulanylar.

Mysal üçin, bu ýerde Dornier Compact Sigma nemes kompaniýasynyň önümi bolan litotripter ornaşdyryldy. Böwrekde we peşew haltasynda daşlary ýüze çykarýan we owradýan ýokary tehnologiýaly bu enjam elektromagnit urgy tolkunlary arkaly bejergi geçirmäge mümkinçilik berer. Dornier Medilas” kompaniýasynyň ýene-de bir döwrebap enjamy daşlary lazer bilen owratmak üçin niýetlenendir.

Rewmatologiýa bölüminde bogunlaryň sowuklama we degeneratiw kesellerini bejermek, rewmatoid artridi, glýukokortikosteroitleriň bogun içre sanjymlary, gialuron kislotasy, hondroprotektor derman serişdeleri, puls-terapiýa, plazmaferez, autoplazmoterapiýa, autoimmun keselleriň irki kesgitlenmesi we beýlekiler ýerine ýetiriler.

Trawmatologiýa we ortopediýa bölüminde KARL STORZ artroskopy giňden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Onuň kömegi bilen dyz bogunlarynda dürli operasiýalar geçiriler. Artroskopiýa arkaly egin, tirsek, çanaklyk-but ýanjyk we daban-injik bogunlarynda dürli bejergileri geçirmek mümkindir. Pes inwaziw operasiýalar netijesinde näsaglar stasionar bejergisinde az wagt bolup, saglygyny we işe ukyplylygyny tiz dikeldip bilerler.

Bulardan başga-da, bölüm dürli fiksatorlaryň, şol sanda Ilizarowyň enjamy bilen açyk we ýapyk döwüklerde osteosintez hem-de näsagyň özünden alnan süňk transplantatlar üçin zerur bolan zatlar bilen üpjün edildi.

Türkmenistanda ýokanç keselleriň ösmegine we ýaýramagyna ýardam edýän töwekgelçilik ýagdaýlaryny öz wagtynda ýüze çykarmaga uly üns berilýär. Şol keseller işjeň bejergi alynmagyny, keseliň öňüni yzygiderli almak we gözegçilik etmek boýunça çäreleriň geçirilmegini talap edýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, endokrin keselleriniň arasynda süýji keseli we galkan mäziniň keselleri köp duş gelýär. Täze hassahananyň endokrinologiýa bölüminde şolaryň öz wagtynda kesgitlenilmegi hem-de bejerilmegi düýpli agyrlaşmalardan gaça durmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem näsaglar bilen süýji keseliň aýratynlyklary, dogry iýmitlenmegiň we sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti baradaky meseleler boýunça maslahatllar geçiriler.

Köpugurly hassahananyň üç gatly binasynda ýokanç kesellerini bejeriş we öňüni alyş merkezi ýerleşdirildi.Binanyň birinji gatynda näsaglary kabul etmek üçin hassahananyň kabul ediş bölümi ýerleşýär hem-de her näsagy güman edilýän ýokanjyna laýyklykda aýratyn otaglarda kabul etmek we zerur bolanda gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler bar. Şeýle hem şu gatda howa-damja ýoly arkaly geçýän keselli näsaglary bejermek üçin niýetlenen bölüm ýerleşdirildi.

Reanimasiýa bölümi ýokanç keselleriň agyr görnüşlerini bejermäge niýetlenendir. Ol “Babylog-8000 plus” görnüşli dem alyş enjamlary, ulular üçin “Drager Savina 300” respiratorlary, operasiýa otagy bolsa “Drager Fabus Tigo” narkoz enjamy bilen üpjün edildi.

Hassahanada barlaglaryň ähli görnüşleri geçirilýär, olar beden agzalarynyň ýagdaýyny anyklamaga kömek edýär. Barlaghanada Germaniýanyň “QIAGEN GmbH” kompaniýasynyň önümi bolan “Rotor Gene Q5 Plex” kysymly enjamy oturdyldy. Ol barlamak üçin alnan materialda (gan, suwuklyk) wiruslaryň, bakteriýalaryň ujypsyz mukdaryny hem takyk ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Barlaghananyň bakteriologiýa bölüminde ýokary derejeli enjamlar ornaşdyryldy. Olar gysga wagtda mikroorganizmleriň bardygyny ýa-da ýokdugyny ýüze çykarmaga hem-de infeksiýany döredijileriň görnüşini kesgitlemäge kömek edýär.

Molekulýar genetiki barlaghana hat-da kliniki alamatlarynyň bolmadyk ýagdaýynda hem wirusly gepatitleri we peşew çykaryş ýollarynyň kesellerini anyklamaga mümkinçilik berýär.

Has döwrebap endoskopiýa otagy belli “Fujifilm Corporation” ýapon şerekediniň “EG 530 WR” gastroskopy hem-de “ES conta530WL3” kolonoskopy bilen enjamlaşdyryldy.

“Fibroskan” enjamy bagyr kesellerini we patologiki ýagdaýda bagryň dokumasynda ýüze çykýan üýtgeşmeleri anyklamakda ýokary mümkinçilikli enjamdyr. Ol 3-5 minudyň dowamynda bagyr dokumalarynda bolup geçýän patologiki we fiziologiki üýtgeşmeleri kesgitläp, bejergi üçin takyk usul ualnamga ýardam edýär.

Hassahanada ornaşdyrylan ýokary basyşly kislorod kamera ylmyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän ýokary tehnologiki enjamdyr. Näsagyň ýürek, gan-damar ulgamynyň işjeňligine ýöriteleşdirilen monitoryň üsti bilen gözegçilik geçirilýär. Bu kamera arkaly bejergi dokumalarda gan aýlanyşygyny we madda çalşygyny gowulandyrýar, bedenide dezintoksikasiýa geçirmäge, kesellere durnuklylyk ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrýar.

Ýokanç keseller hassahanasynyň 2-nji gaty wirusly gepatit keselli näsaglary bejermäge niýetlenendir. Bu ýerdäki dispanserde ýiti we dowamly wirusly gepatit keselinden ejir çekýän näsaglar lukmanlaryň gözegçiliginde bolar.

Binanyň 3-nji gatynda içege ýokanjy bölümleri bolup, onda kiçi we uly ýaşly çagalar hem-de ulular bölümleri bar.

Bölümlerde çagalar üçin HORIZON 300 elektrik çaga krowatlary, otaglarda bäbekleri gundamaga niýetlenen “Favero Health Projects Spa” (Italiya) önümi bolan “ZERO1120” stollar goýuldy.

Köpugurly hassahanada näsaglary gyssagly ýagdaýda getirmek zerurlygy ýüze çykan halatynda lukmançylyk awiasiýasyny peýdalanmak üçin dikuçar meýdançasy gurnaldy, ýörite aragatnaşyk ulgamlaryny, lukmançylyk işgärleri tarapyndan näsaglaryň çakylygyna wagtynda seslenmegini üpjün etmek üçin gepleşik enjamlary, bejeriş işleriniň hem-de näsaglara hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulandyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi
Adam — jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýokanç keseller hassahanasynyň...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi
13.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi
Berlinde türkmen-german işewürlik forumy geçirildi
22.07.2018 | Türkmenabatda Merkezi Aziýada iri köpugurly hassahana işläp başlady