Türkmenabadyň tapdan düşen lagym ulgamlary sandan çykýar

Türkmenabadyň tapdan düşen lagym ulgamlary sandan çykýar

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň hapa suwlary akdyrmaga niýetlenen ýerasty lagym geçiriji ulgamlary tas günde-günaşa bozulýar. Ýeriň astyndan çogup çykýan lagym suwlary şäher ilatynyň durmuşynda käbir oňaýsyzlyklary döredýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary gündogar welaýatyň esasy lagym geçiriji ulgamlarynda yzygiderli bolup geçýän näsazlyklar barada habar berýärler.

“Türkmenabadyň esasy lagym geçiriji ulgamy günde-günaşa deşilýär. Hapa suwlar ýeriň astyndan çogup daşary çykýar. Hapa suwlaryň deňinden geçeniňde ýakymsyz ys gelýär” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Şäheriň hapa suwlary ýerasty ulgamlar arkaly Çärjew etrabynyň golaýynda ýerleşýän hapa suw howdanlaryna akdyrylýar. Geçiriji ulgamlaryň ugrunda suw itekleýji enjamlar ornaşdyrylypdyr. Bu enjamlar her 5-6 sagatdan ýygnalan suwlary hapa suw howdanyna tarap itekleýär. Ýöne tapdan düşen esasy geçirijide yzygiderli näsazlyklar bolup geçýär. Agyz suw edarasynyň hünärmenleri çüýrän turbalary agaç bölejikleri bilen wagtlaýyn ýamamaga çalyşýar.

“Türkmenabat agyz suw edarasynyň gyssagly kömek hünärmenleri lagym turbalaryny bejermek üçin, deşiklere agaç bölejiklerini sokýarlar. Ýöne agaç bölejikleri hapa suwlara çydamaýar. 4-5 gün soňra ýene deşilýär. Hapa suwlar ýene çogup daşyna çykýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

30 kilometr töweregi uzynlygy bolan lagym geçiriji ulgamyň baş sakasyndan tä çölüň içinde ýerleşýän hapa suw howdanyna çenli aralykda 4-5 ýeri yzygiderli deşilip durýar.

Habarçylarymyz Lebap welaýatynyň Türkmenabat, Kerki we Seýdi şäherlerinde lagym ulgamlarynyň gurnalandygyny habar berýärler.

Mundan ozal, Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki şäherlerinde beýleki inženerçilik desgalary bilen bir hatarda lagym suwlaryny arassalaýjy desgalary, ýa-da lagym suwlaryny geçiriji ulgamlary gurmak kararlaşdyrylypdy.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ýerleşýän şäherler, etraplar we oba ýerleri sowetler döwründe gurlan köne infrastruktura desgalaryndan peýdalanýar.

Sebitleriň ýaşaýjylary “lagar düşen” durmuş infrastrukturalaryndan, sandan çykan elektrik geçiriji ulgamlaryndan, könelişen gaz geçirijilerden hem-de suw geçiriji ulgamlardan peýdalanýarlar.

Ýöne ýurduň paýtagtynda hem durmuş desgalarynyň hatardan çykmagy, suw turbalarynyň ýarylmagy ýaly hadysalar ýygy-ýygydan bolup durýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary noýabryň başlarynda paýtagtyň Bagtyýarlyk etrabynyň ilat arasynda “Kim” diýlip atlandyrylýan etrapçasynda ýyladyş turbalarynyň ýarylandygyny habar berdiler.

Şonda Aşgabat ýyladyş müdirliginiň işgärleri ýüze çykan bu näsazlyga “döwlet derejesinde ulanyş möhleti bireýýäm geçen turbalaryň” çüýräp ýukalmagynyň, soňra-da deşilmeginiň, netijede ýarylmagynyň sebäp bolandygyny aýtdylar.

Ondan ozal, awgustyň soňky hepdesinde bu sebitde suw turbalary ýaryldy. Şäher ýaşaýjylary jaýlaryň aşagyndaky suw, lagym, ýyladyş turbalarynyň ýarym asyr bäri çalşylmaýandygyny belläp, olaryň düýpli rekonstruksiýa mätäçdigini aýdýarlar.

Türkmenistanda onlarça ýylyň dowamynda gurluşyk pudagyna milliardlarça dollar maliýe serişdesi harçlandy. Muňa garamazdan, ýurduň ähli sebitlerinde ýarym asyrdan gowrak wagt mundan ozal işe girizilen durmuş desgalary düýpli abatlaýyş işlerine ýa-da täzelenilmäge mätäç galýar.

ýurduň paýtagtynda we welaýatlarynda ilat suw, lagym, ýyladyş turbalarynyň hatardan çykmagy, olaryň wagtly-wagtynda çalşylmazlygy we bularyň döredýän oňaýsyzlyklary bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.

Ýurduň döwlet mediasy paýtagtda we ýurduň sebitlerinde garaşsyzlyk ýyllarynda bina edilen ak mermerli köp gatly jaýlary, kaşaň-kaşaň myhmanhanalary we beýlekileri yzygiderli ýagdaýda efire berip, bulary wasp edýär.

Häkimiýetler we resmi media serişdeleri ilatyň lagym, ýyladyş, suw we gaz turbalaryndaky näsazlyklar sebäpli ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabadyň tapdan düşen lagym ulgamlary sandan çykýar
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Prezident daýhanlaryň çözülmeýän meselesini çözýärmi ýa çigişdirýär?
Çözülmesi çatak bolan üç mesele ýönekeý adamlary heläk edýär
Eýranda Howanyň Hapalygy Sebäpli Müňlerçe Adam Ýogaldy
Türkmenistanda benzin gytçylygy ýene güýçlendi