Türkmenabatda biometriki pasport üçin talonlaryň berilmegi togtadyldy

Türkmenabatda biometriki pasport üçin talonlaryň berilmegi togtadyldy

Daşary ýurtlara syýahat etmek üçin biometriki pasportlary almak türkmen raýatlarynyň ençemesi üçin hem zerur, hem-de agyr mesele bolmagyna galýar. Pasporta bolan islegler güýçlenýärkä, ony almak mümkinçiligi gitdigiçe azalýar. Nobatlar birnäçe günüň içinde indiki ýylyň güýzüne baryp ýetenden soň, ýurduň käbir sebitlerinde asla togtadyldy.

Lebap welaýatynda daşary ýurt pasportlaryna dokumentleri tabşyrmak üçin talon bermek bes edildi.Azatlygyň habarçylary bu barada migrasiýa gullugynyň işgärlerine salgylanyp, 23-nji oktýabrda habar berdiler we munuň, Türkmenabadyň migrasiýa gullugynda 2024-nji ýylyň oktýabr aýyna talonlar berlip gutarandan soň ýüze çykandygyny mälim etdiler.

Bellesek, talonlary bermek işi uzak arakesmeden soň, 2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda başlanypdy we bir aýa ýetmän bir ýylyň tolonlary berlip gutarypdy.

Indi ýerli migrasiýa gullugy eýýäm berlen talonlar esasynda raýatlardan daşary ýurt pasportlary üçin resminamalary kabul edýär.

Habarçylar 20 günüň içinde talon alanlaryň köpüsiniň 50 ýaşdan uly adamlardygyny aýdýarlar.

"Talon almagy başaranlar 50 we ondan uly ýaşly raýatlar. Olaryň arasynda 60 we 65 ýaşlylar hem bar. Olaryň käbiri pasport alyp, goňşy Özbegistana pul gazanmak, esasanam haryt daşamak ýaly işleri meýilleşdirýärler",- diýip, sebitiň ýaşaýjylary bilen söhbetdeş bolan habarçymyz aýdýar.

Lebap welaýaty Özbegistan bilen serhetleşýär. Serhetýaka sebitleriň ýaşaýjylary üçin wiza ýeňillikleri göz öňünde ttutulýar, şeýle-de, köpüsiniň goňşy Özbegistanda garyndaşlary hem bar.

Bu aralykda, gümrük işgärleri, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürrüňdeşlikde, serhetden geçýän türkmen raýatlarynyň akymynyň artýandygyny belleýärler.

"Her gün 100-e golaý türkmen raýaty serhetdäki barlag nokadyndan geçýär, esasan Lebap we Mary welaýatlarynyň ýaşaýjylary" diýip, lebaply gümrük işgäri aýdýar.

Onuň sözlerine görä, serhetden geçýän söwdagärler köplenç hojalyk tehnikasyny we hojalyk harytlaryny daşaýarlar: “Özbegistana iň köp alnyp barylýan harytlar kiçi diametrli telewizorlar we tozan sorujylar. Şeýle hem öý-hojalyk himiki serişdeleri, şampunlar, çygly süpürgiçler äkidilýär. Türkmenistana egin-eşik we kakadylan miweler getirýärler. Adatça gatnawçylar bir günüň içinde baryp gaýdýarlar, serhetden geçýärler we şol gün yzyna dolanýarlar".

Gümrükden adam başyna agramy 20 kilogramlyk harydy salgytsyz geçirmek üçin rugsat berilýär. Emma, iki ýurduň arasynda gatnaýan söwdagärler biraz goşmaça töleg bilen köpräk haryt geçirip bolýandygyny aýdýarlar.

"Serhetden geçirip bolýan harytlaryň mukdary çäkli, olar sanalyp geçirilýär. Bir adam bir telewizor ýa-da tozan sorujy daşap bilýär. Mundan başga-da käbir harytlar gadagan. Mysal üçin, Türkmenistandan Özbegistana et, mesege, ösümlik ýagyny, margarin we beýleki önümleri alyp barmak gadagan" - diýip, Özbegistandan haryt getirip pul gazanýan lebaply ýaşaýjy bilen söhbetdeş bolan habarçy aýdýar.

Lebap welaýatynda biometriki pasport üçin talonlaryň berilmegi bir aýa uzaga çekmän tamamlandy.Anonim gürlän migrasiýa gullugynyň işgärleriniň sözlerine görä, oktýabryň ilkinji iki hepdesinde talonlar indiki fewral aýyna çenli berilen bolsa, üçünji hepdäniň dowamynda ýaz, tomus we güýz aýlary üçin tiz berlipdir.

Mundan birnäçe gün öň, 16-njy oktýabrda 2024-nji ýylyň aprel we maý aýlary üçin talonlaryň berilýändigini habarçylar aýdypdy.

Ýurduň beýleki sebitlerinde-de pasport almak mümkinçiligi şuňa meňzeş.

Ýurduň häkimiýetleri daşary ýurt saparlary üçin pasporta bolan islegler we kynçylyklar barada resmi düşündiriş bermeýärler. Bu aralykda ýurduň ýolbaşçysy Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, ondan peýdalanmagyň kadalary barada karara gol çekdi.

Türkmen döwlet metbugatynyň 20-nji oktýabrda beren habaryna görä, prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken bu kararyna görä, Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy we ýazgysy hem tassyklanypdyr. Munuň prezidentiň “Migrasiýa hakynda” we “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de “Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda” 2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran 720-nji permany bilen baglydygy aýdylýar.

Bu kararyň jikme-jiklikleri we täze pasport almak düzgüneri resmi habarda görkezilmedi.

Türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmak islegi barha agyrlaşýan ykdysady kynçylyklar we köpçülikleýin işsizlik sebäpli dowam edýär.Biometriki pasportlara islegiň güýçlenýän wagtynda häkimiýetler raýatlaryň ýurduň daşyna syýahat etmegini çäklendirýän päsgelçilikleri yzygiderli döredýärler, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan ýaşaýjylaryň, şeýle hem maşgalasynda sud edilen garyndaşynyň ýokdugyny tassyklaýan “uç arka” resminamasyny berip bilmedikleriň pasport üçin tabşyran arzalaryny hasaba almakdan we olara daşary ýurt pasportlaryny bermekden ýüz öwürýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Öňki tussaglaryň soňky 'tussaglygy' kän sorag döredýär
Öňki tussaglaryň soňky 'tussaglygy'
Türkmenistanda birnäçe aý bäri ýetginjeklere içerki pasport berilmeýär
Biometriki pasport üçin nobatlar indiki ýyla çenli uzady
Balkanda biometriki pasport almak üçin žetonlaryň berilmegi wagtlaýyn togtadyldy
Marynyň migrasiýa gullugynda barlag geçirilýär