Türkmenabatda howpsuzlyk güýçlendirilip, hereket çäklendirildi

Türkmenabatda howpsuzlyk güýçlendirilip, hereket çäklendirildi

24-nji ýanwarda Lebabyň Türkmenabat şäherinde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilip, polisiýanyň gözegçiligi ýokarlandyryldy. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçylary munuň Aşgabatdan sebite ýokary derejeli döwlet emeldarlarynyň gelmegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Bu aralykda, howpsuzlygyň güýçlendirilendigine garamazdan, şol güni Türkmenabatda dört ulag hadysasy boldy we bir awtoulag ot aldy.

“Şäheriň köçelerinde polisiýa işgärleriniň sany artdyryldy. Polisiýa has güýçlendirilen tertipde işledi. Zelili köçesi we oňa ýanaşyk köçeler ençeme sagatlap petiklendi. Ulaglaryň we ýaşaýjylaryň hereketi çäklendirildi” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny anonim şertde gürrüň berdi.

Polisiýa agzalýan we beýleki merkezi köçeleriň ugrundaky dükanlara hem gözegçiligi artdyrdy. Dükanyň daşyna çykyp, arassa howada çilim çeken satyjylara jerime salyndy.

“Polisiýa işgärleri edara-kärhanalaryň ençemesine aýlanyp, ýolbaşçylardan howpsuzlygy güýçlendirip, tertip-düzgüni saklamagy hem talap etdiler” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz gürrüň berdi.

Howpsuzlygyň güýçlendirilmegine Aşgabatdan sebite ýokary derejeli emeldarlaryň gelmegi sebäp boldy. Habarçymyzyň tassyklamagyna görä, olar Zelili köçesiniň ugrunda gurlan täze köp gatly jaýlaryň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Resmi media 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda, Türkmenabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri üçin 4 gatly 24 öýli ýaşaýyş jaýynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlendigini habar berdi.

“...Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ýaşuly nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, welaýatyň Adalat bölüminiň täze jaýlara göçüp gelýän işgärleriniň hoşallyk çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy şatlyk-şowhuna, ýokary ruhubelentlige beslenip, jaý toýlaryny ýatdan çykmajak pursatlara öwürdi” diýlip, 24-nji ýanwarda çap edilen habarda şäherde howpsuzlygyň güýçlendirilmegi barada hiç zat aýdylmady.

Bu aralykda, howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigine garamazdan, şol güni şäheriň aýrybaşga ýerlerinde dört ýol hadysasy boldy.

“Irdenden öýläne çenli aralykda bolan dört ulag heläkçiliginde adam pidasy bolmady. Ýöne ulag sürüjileriniň arasynda agyr şikeslenenler bar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz gürrüň berdi.

Mundan başga-da, 24-nji ýanwarda Türkmenabadyň Bahar etrapçasynda ýerleşýän 233 belgili ýangyç guýýan beketde bir awtoulag ot aldy.

Beket işgärleriniň we şol ýerdäki sürüjileriň ulagy bekediň meýdançasyndan dessine itekläp çykarmagy we ody tiz wagtda söndürip başlamagy netijesinde, habarçymyzyň sözlerine görä, uly betbagtçylygyň öňi alyndy.

“1991-nji ýylda zawoddan çykan 'Opel' kysymly ulag bekediň meýdançasyndan çykarylandan soň, golaýda ýerleşýän ýangynyň öňüni alyş gullugy gelip, ulaga suw sepip, oduny öçürmegi başardy. Uly betbagtçylygyň öňi alyndy. Sebäbi bekediň golaýynda köp gatly ýaşaýyş jaýlary hem ýerleşýär” diýip, habarçymyz belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada ýerli häkimiýetlerden, şeýle-de şäheriň Polisiýa müdirliginden we Ýangyna garşy göreş gullugyndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda ýokary derejeli döwlet emeldarlarynyň sebitlere edýän saparlarynyň öň ýanynda we dowamynda, şeýle-de ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklarda, köpçülikleýin çärelerde we uly desgalaryň açylyş dabaralarynda howpsuzlyk güýçlendirilýär. Köçeler ýapylýar, ulaglaryň we ilatyň hereketi çäklendirilýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri bu çäreler we olaryň ilata ýetirýän täsirleri, şeýle-de, ýurtda bolýan ýol we tehniki hadysalar barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Reňkleri dillendiren ussat
Magtymguly adyndaky teatrda Gül-Bilbil operasy görkezildi
Milli Liderimiz Balkan welaýatynda täze desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Milli Liderimiz Balkan welaýatynda täze desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Milli Liderimiz Balkan welaýatynda täze desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Berdimuhamedow Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi