Türkmenabatda oýun meýdançalarynyň ýerleri gurluşyk firmalaryna 'para satylýar'

Türkmenabatda oýun meýdançalarynyň ýerleri gurluşyk firmalaryna 'para satylýar'

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde onlarça ýaşaýjynyň bir seýilgähiň we çagalaryň oýun meýdançasynyň ýykylmagyna garşy protest aksiýasyny geçirmeginiň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri bu ýer bölekleri, olarda alnyp barylýan täze gurluşyklar we olaryň satuwy barada käbir maglumatlary berdiler.

"Soňky ýyllarda welaýatyň Ýer serişdeleri gullugy we Türkmenabat şäher häkimligi etrapçalardaky köp gatly jaýlaryň arasynda ýerleşýän seýilgähleri we çagalaryň oýun meýdançalaryny ýykmak çärelerini güýçlendirdiler. Olar bu ýerlerde köp gatly jaýlary we täjirçilik dükanlaryny gurýarlar" diýip, habarçy 24-nji martda aýtdy.

Bu ýer bölekleri şäheriň merkezi etrapçalarynda we köp gatly jaýlaryň arasynda, ýagny gür ilatly sebitlerde ýerleşýändigi üçin olara bolan talap örän uly. Bu bolsa, bu ýerdäki täze gurluşyklaryň bahasynyň, şäheriň beýleki ýerlerine görä, ýokary bolmagyna getirýär.

"Köplenç auksion esasynda satylýan bir dükan ýeriniň bahasy 300 müň manada çenli ýetýär, ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy ondan hem ýokary" diýip, habarçy belledi.

Ýagdaýdan habarly çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, soňky ýyllarda bu meýdançalar ýokarda agzalan edaralaryň käbir resmileri üçin "pul gazanmagyň esasy çeşmeleriniň birine öwrüldi".

Resmi taýdan tassykladyp bolmadyk maglumatlara görä, bu meýdançalarda gurulýan gurluşyklara rugsat almak üçin degişli ýolbaşçylara para berilýär we bu ýagdaý çagalaryň oýun meýdançasynyň ýeriniň ýitirilmegine sebäp bolýar.

"Olar bu ýerleri satyn alýan we gurluşyklary amala aşyrýan firmalardan ummasyz möçberde para alýarlar. Ýer serişdeleri gullugynyň we Türkmenabat şäher häkimliginiň resmileri bu pullary Ýer serişdeleri gullugynyň Aşgabatdaky edarasyndaky resmiler bilen paýlaşýarlar" diýip, çeşmämiz paranyň anyk möçberini aýdyňlaşdyryp bilmändiigni belledi.

Azatlyk gürrüňi edilen ýagdaýlar we mümkin alym-berim hadysalary barada agzalýan gullukdan we Türkmenabat şäher häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, habarçymyz agzalýan meýdançalaryň ýykylmagyna we olarda täze gurluşyklaryň amala aşyrylmagyna onuň töwereginde ýaşaýan ýaşaýjylaryň aglabasynyň nägile bolýandygyny aýdýar.

"Meýdançalaryň ýykylmagyna garşy ilatyň häkimiýetlere bildirýän nägilelikleri köplenç oňaýly netije tapmaýar" diýip, habarçy ilata meýdançalaryň ýykyljakdygy barada öňünden maglumat hem berilmeýändigini belledi.

19-njy martda “HSM Habar” YouTube kanaly Türkmenabadyň ikinji etrapçasynyň onlarça ýaşaýjysynyň 16-njy martda bir seýilgähiň ýykylyp, onuň ornuna ýaşaýyş jaýynyň gurulmagyna garşy özakymlaýyn protest aksiýasyny geçirendigini habar berdi.

Öz raýyna guramaçylyk bilen amala aşyrylan çärede ýygnananlar etrapçadaky 70 ýyl töweregi ömri bolan agaçlaryň çapylmagyna hem garşylyk beýan etdiler.

Ýatlatsak, Azatlyk Türkmenabatda çagalaryň oýun meýdançalarynyň ýykylýandygy we olara derek ýaşaýyş jaýlarynyň gurulýandygy barada ilkinji gezek 2021-nji ýylyň noýabrynda habar beripdi.

"Türkmenabadyň “Merkez” etrapçasynyň ýaşaýjylary çagalar üçin goýlan meýdançalaryň ýerinden täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagyna garşy çykyp, şäher häkimligine, prokuratura köpçülikleýin ýüz tutdular, emma olaryň arzyny diňlän bolmady" diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň beripdi.

Azatlyk bu meýdançalarda gurulýan jaýlaryň gurluşygynyň wada berlen wagtynda tamamlanmaýandygy barada hem maglumat berdi.

Şu ýylyň fewralynda lebaply ýaşaýjylaryň ençemesi özlerine 2022-nji ýylda gowşuryljakdygy aýdylan jaýlaryň gurluşygynyň heniz-de tamamlanmaýandygyny belläp, häkimiýetleriň wadalarynda tapylmaýandygyny aýdypdy.

"Dört-bäş gatly bu jaýlar gurlup başlanyndan bäri üç ýyl çemesi wagt geçen bolsa-da, häzirki wagtda jaýlaryň birinji gaty hem doly galdyrylmady. Birinji gatyň üçekleri örtülmän dur" diýip, habarçy bu jaýlaryň şäheriň Bahar, Ikinji we Üçünji etrapçalaryndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda, çagalaryň ýykylan oýun meýdançalarynyň ýerinde gurulýandygyny belläpdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aktiwistler Waşingtonda Aşgabady syýasy tussaglary boşatmaga çagyrdylar
'El çarpylýan goşgularyň' uzaga çeken meşhurlygynyň açylmadyk syry
Polisiýa meşhur bloggerleri soraga çekýär, diňe öwgüli postlary’ paýlaşmagy talap edýär
Türkmen häkimiýetleri bloggerleri soraga çagyrýar, olardan ýurdy wagyz etmek talap edilýär
PÝGG işgäriniň öz pogonyny özi ýyrtyp, sürüjä töhmet atýan wideosy sosial mediada paýlaşyldy
AMECA roboty 10-dan gowrak duýgyny aňladyp bilýär
Oppozision blogçy Farhat Durdyýewe Türkiýeden Türkmenistana ugradylmak howpy abanýar