Türkmenabatda ulanylan harytlaryň söwdasy bilen meşgullanýan adamlara bazardan ýer berildi

Türkmenabatda ulanylan harytlaryň söwdasy bilen meşgullanýan adamlara bazardan ýer berildi

Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde ulanylan harytlaryň söwdasy bilen meşgullanýan adamlara Gurluşyk harytlary bazarynyň günorta-günbatar böleginden ýörite söwda ýerleri bölünip berildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji maýda sebitden maglumat berdi.

Türkmenabatda köne harytlaryň söwdasy bilen meşgullanýan adamlar soňky birnäçe ýyl bäri, häkimiýetleriň yzygiderli dowam etdirýän päsgelçilikleriniň arasynda, söwda işlerini janly saklamaga çalyşdy. Ykdysady kynçylyklaryň fonunda, köne harytlar ilat arasynda uly islegden peýdalanýar. Hususan-da, elýeterli bahalar üpjünçiligi pes hojalyklaryň arasynda özüne çekijiligini saklap galýar. Bazarlarda ulanylan egin-eşikler we öý goşlary alyjylara hödürlenýär.

“Bu söwdagärleriň ýagdaýy indi biraz ganymatlaşdy.Biçäreler, öňler günüň astynda, ýa-da ýagyş-ýagmyryň aşagynda söwda işlerini alyp barmaga çytyraşýardylar.Olara bazardan ýörite ýerleriň bölünip berilmeginden soňra, köneçi söwdagärleriň sany köpeldi.

Eli ýuka maşgalalar bu ýerde çaga eşiklerini we aýakgaplaryny satyn alýarlar.Kimler lýustralary, kimler elektrik enjamlarynyň şaýlaryny satyn alýarlar” diýip, gök-bakja önümleriniň satyjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ilat arasynda “demir bazar” atlandyrylýan Gurluşyk Harytlar bazary Ikinji etrapçanyň demirgazyk böleginde, Abdyrahmanow köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Gurluşyk bazarynyň garşysynda, Ikinji etrapçanyň 2 belgili azyk bazary ýerleşýär.

Azatlygyň habarçylary iki ýyl çemesi ozal, koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda girizilen bazar gadaganlygynyň arasynda, ulanylan harytlaryň söwdasy bilen meşgullanýan adamlaryň Ikinji bazaryň girelgesiniň öňünde özakymlaýyn emeli bazar döredip, açyk meýdanda ýere şal ýazyp, söwda işleri bilen meşgullanmaga synanyşandyklaryny habar berdiler. Ýöne polisiýa işgärleri bu synanyşyklaryň öňüni baglap, şonda emeli bazary dargadypdy.

Biraz soňra, 2023-nji ýylyň fewral aýynda, Türkmenabatda bir köpriniň aşagynda başga bir emeli bazar peýda boldy. Ilat arasynda “köneçiler” atlandyrýan haryt söwdagärleri bu gezek Garaşsyz diýar köçesiniň ugrunda ýerleşýän bir awtomobil köprüsiniň aşagynda ýere şal ýazyp, köne egin-eşiklerini, öý goşlaryny satmaga çalyşdy. Polisiýa işgärleri bu emeli bazarda hem reýd geçirip, söwdagärleri dargatdy.

Häkimiýetleriň yzygiderli reýdlerinde garamazdan, köne harytlar ilat arasynda elýeterliligini we özüne çekijiligini saklap galdy. Şeýle talaplar we meýiller ulanylan harytlaryň söwdasy bilen meşgullanýan adamlar üçin käbir mümkinçilikleri döretdi.

Habarçylarymyz 2020-nji ýylyň güýz aýlarynda hem şäherde “köneçilere” garşy polisiýa reýdleriniň geçirilendigini habar berýärler. Şonda söwdagärler etrapçada bir köçäni baglap, häkimiýetlere garşy özakymlaýyn protest çäresini hem geçiripdirler.

“Köneçiler “40 gyz” kafesine barýan ýoly petikläp, protest çäresini geçirdiler. “Iş ýok, biziň ýeke-täk eklenç çeşmämizi, elimizden aljak bolýarsyňyz” diýip, protest bildirdiler. Şonda birnäçe erkek söwdagär 15 gije-gündiz möhlet bilen administratiw tussaglyga-da höküm edilipdi. Şeýle protest tas her ýyl diýen ýaly gaýtalanyp durýardy” diýip, şäher ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Protest çäresiniň geçirilen ýeri Ikinji etrapçanyň gündogar böleginde, Sazçylyk sungat mekdebiniň gabadynda ýerleşýär.

Söwdagärler, ahyrsoňy, Gurluşyk harytlary bazarynyň çäginde özlerine bellenip berlen ýörite söwda orunlaryna eýe boldular.

Ýerli ýaşaýjylar bu söwda öýüniň hususyýetçiler tarapyndan gurlup ulanylmaga berlendigini aýdýarlar.

“Häkimiýetler köneçiler bilen göreşmekden ýadana çalym edýär” diýip, Ikinji etrapçanyň beýleki bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Resmi däl ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi bolan köçe söwdagärleri, “köneçiler” Türkmenistanda häkimiýetleriň yzygiderli reýdlerine sezewar boldular. Ýerli häkimiýetler olary ýurduň “halkara abraýyna” zyýan ýetirmekde aýyplaýarlar. Ýyllarboýy bazarlardan orun tapyp bilmedik söwdagärler häkimiýetler tarapyndan “ýurdy masgara etmekde” günäkärlenýärler.

Ulanylan harytlaryň söwdagärleri bolsa, häkimiýetleriň ýyllarboýy erjellik bilen boýun almakdan ýüz öwren ykdysady krizisiniň arasynda, eklenç çeşmesini gorap saklamagy, şol bir wagtda, isleg bildirýän adamlar üçin bolsa, ulanylan harytlary elýeterli bahadan satmagy dowam etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenbaşy: Azyk paýlary gijikdirilen ýerli ýaşaýjylar döwlet dükanyna hüjüm etdi
Tanymal türkmen 'YouTube' blogçysy Farhat Durdýew Stambulda tussag edildi
Protestleriň yz ýany, Köneürgençde Internet kesildi, ýene bir etrapda nägilelik aksiýalary geçirildi
Protestleriň yz ýany, Köneürgençde Internet kesildi, ýene bir etrapda nägilelik aksiýalary geçirildi
Belgiýada Mugallymlar Iş Taşlady
Russiýa, Britaniýa, ABŞ-na we Kanada Protest Notasyny Berdi