Türkmenabatdaky karantin zonadaky raýatlary çagalar lagerine geçirdiler, azatlykdan mahrum edilenleri aýratyn bölüme ýerleşdirdiler

Türkmenabatdaky karantin zonadaky raýatlary çagalar lagerine geçirdiler, azatlykdan mahrum edilenleri aýratyn bölüme ýerleşdirdiler

30-njy maýda Moskwadan Türkmenabada getirilen Türkmenistanyň raýatlary üç hepdelik karantin möhlerini ýerine ýetirmek üçin 6-njy iýunda şäheriň golaýyndaky, öňki Lenin adyndaky kolhozyň çägindäki çagalar lagerine ýerleşdirildi diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Karantindäkiler mundan hoşal. Olar çadyr meýdaçasyndaky şertleriň çydap bolar ýalydygyna garamazdan, çagalar lagerinde has gowy şertleriň bardygyny aýdýarlar.

Mundan öň berlen maglumatlara laýyklykda, şol ýörite uçar gatnawda watanyna getirilenleriň arasynda Rusýada türme tussaglygyny berjaý edýänler ýa-da wagtlaýyn deportasiýa merkezlerinde galýanlar hem bar.

Anyklan maglumatlarymyza görä, şol ýolagçylaryň arasynda azatlyklardan mahrum edilen 42 adam bar we olaryň birisi zenan.

Bularyň aglabasy kezzapçylykda we neşe söwdasynda aýyplanyp, azatlykdan mahrum edilipdir. Olar üçin lagerde aýratyn, goralýan bölüm guruldy.

Bularyň karantin zonadan çagalar lagerine geçirilmeginiň dürli sebäpleriniň bardygy aýdylýar.

“TH-niň” çeşmeleriniň habaryna görä, golaýda prezident Berdimuhamedowyň Lebaba saparyna garaşylýar.Ol welaýatda “ Ak öýüň” we Kerkide täze howa menziliniň açylyşyna gatnaşar.Bu saparyň taýýarlygyna prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär.

Ol golaýda welaýata sapar etdi we bu barada ýerli KHS habar bermedi.Prezidentiň sapary bilen bagly karantin zonadakylaryň ählisini şäheriň daşyna çykardylar.

“Türkmen.news” neşiriniň habaryna laýyklykda, bu ewakuasiýa uçar gatnawlarynyň sanynyň artmagy we daşary ýurtlardan getirilen raýatlaryň hemmesini bir wagtda saklamak üçin karantin zonada orunlaryň ýetmezçilik edýänligi bilen bagly.

“Azatlyk” radiosynyň ýazmagyna görä, 5-nji iýunda karantin zonadaky raýatlar şertleriň gowulandyrylmagyny talap edip protest geçirdiler. Mundan soňra raýatlary çagalar lagerine geçirdiler.

Moskwadan getirilen raýatlaryň üç hepdelik karantin möhleti 18-nji iýunda tamamlanýar.

Mundan iki gün soňra Lebap welaýatynyň dürli etrabyndan bolan çagalaryň ilkinji tapgyry lagere gelmeli.The post Türkmenabatdaky karantin zonadaky raýatlary çagalar lagerine geçirdiler, azatlykdan mahrum edilenleri aýratyn bölüme ýerleşdirdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň karantin zolagynda COVID-19 ýokaşýar, protest döreýär
Daşarda galan raýatlaryň ýene bir tapgyry ýurda getirildi, olara COVID-19 garşy sanjym edilýär
Daşarda galan raýatlaryň ýene bir tapgyry ýurda getirildi, olara COVID-19 garşy sanjym edilýär
Daşary ýurtlardan dolanýan student ýigitler karantinden soň, dessine harby gulluga çagyrylýarlar
'Para bermän gidip bolmaz'. Türkmenistanyň raýatlarynyň beýleki ýurtlardan getirilmegi dowam edýär
Türkmenistan: COVID-19 ýokuşan adamlar ýüze çykaryldy