Türkmenaragatnaşyk agentliginde Sagdyn nesil sagdyn jemgyýet ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Türkmenaragatnaşyk agentliginde Sagdyn nesil  sagdyn jemgyýet ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Türkmenaragatnaşyk agentligi tarapyndan gurnalan maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary bolan kümüş saçly enelerimiz, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, şeýle hem agentligiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri we Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr, talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Çäräniň başynda kümüş saçly enelerimiz hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Watanymyzda adam we onuň saglygy hakynda uly aladalar edilýändigi we raýatlaryň saglygyny goramak hem-de dikeltmek babatda möhüm işler durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen belläp geçdiler.

Şeýle hem, ýurdumyzda giň gerim bilen geçirilýän Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy atly Spartakiada ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary bilen Türkmenaragatnaşyk agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlary mähirli gutladylar.

Ýene degişli makalalar

Sagdyn nesil röwşen geljege badalga atly sport çäresi geçirildi
Fransiýanyň täze Premýer-ministri
Ispaniýada koronawirusa garşy göreşmek üçin akylly äýnek döredildi
Daşary ýurt metbugatyna syn
Ulag we aragatnaşyk toplumy — milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry
Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasy gurlar