“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygynyň 2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda çykaran 133 belgili buýrugy

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygynyň

2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda çykaran 133 belgili

B U Ý R U G Y

Internet toruna birikdirmegiň tertibi we şertleri, şol sanda şeýle torlarda bar bolan maglumaty goramagyň şertleri, degişli çäreleri maliýeleşdirmegiň tertibi, Internet toruny we başgalary peýdalanmak bilen maglumat alyşmagyň Tertibini tassyklamak hakynda

“Aragatnaşyk hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynyň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Internet toruna birikdirmegiň tertibi we şertleri, şol sanda şeýle torlarda bar bolan maglumaty goramagyň şertleri, degişli çäreleri maliýeleşdirmegiň tertibi, Internet toruny we başgalary peýdalanmak bilen maglumat alyşmagyň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygynyň orunbasary N.Rejebow gözegçilik etmeli.

Başlyk H.Hudaýgulyýew

“Türkmenaragatnaşyk”

agentliginiň başlygynyň

2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda

çykaran 133 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy

Internet toruna birikdirmegiň tertibi we şertleri, şol sanda şeýle torlarda bar bolan maglumaty goramagyň şertleri, degişli çäreleri maliýeleşdirmegiň tertibi, Internet toruny we başgalary peýdalanmak bilen maglumat alyşmagyň

TERTIBI

I bap. Umumy düzgünler

1. Şu Internet toruna birikdirmegiň tertibi we şertleri, şol sanda şeýle torlarda bar bolan maglumaty goramagyň şertleri, degişli çäreleri maliýeleşdirmegiň tertibi, Internet toruny we başgalary peýdalanmak bilen maglumat alyşmagyň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) “Aragatnaşyk hakynda“, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynyň hem-de aragatnaşyk çygrynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we Internet toruny peýdalanyjylaryň (mundan beýläk - Peýdalanyjy) hem-de Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorynyň (mundan beýläk - Operator) arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

2. Şu Tertibiň maksatlary üçin şu düşünjeler ulanylýar:

1) aragatnaşyk operatory - degişli ygtyýarnamanyň esasynda telekommunikasiýa ýa-da poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny edýän ýuridik ýa-da fiziki şahs;

2) aragatnaşyk liniýalary - geçiriş liniýalary, fiziki zynjyrlar we aragatnaşygyň liniýa-kabel desgalary;

3) ahyrky enjam abonent liniýalaryna birikdirilen we abonentleriň peýdalanmagynda durýan ýa-da şeýle maksatlar üçin niýetlenen aragatnaşyk liniýalary boýunça elektroaragatnaşyk signallaryny ibermek we (ýa-da) kabul etmek üçin tehniki serişdeler;

4) autsorsinge (outsourcing) Inernet howpsuzlygy bilen bagly iş alyp barýan daşarky guramanyň şertnamalaýyn esasda daşky çeşmeleri (resurslaryň) ulanmak bilen, internet toruny goramak;

5) elektron poçta Internet torunyň üsti bilen uly göwrümdäki maglumatlary alyş-çalyş etmek boýunça amatly we peýdaly serişdeleriniň bir görnüşi;

6) elektron poçtanyň Internet-hyzmatlary Internet toruny peýdalanyja salgylary bermek we bu salga maglumatlary kabul etmek, şeýle hem Internet toruny peýdalanyjynyň iberen we onuň salgysyna gelen maglumatlary saklamak we ibermek boýunça hereketler ýa-da iş;

7) hakujy tölegi Peýdalanyjy tarapyndan Internet-hyzmatlary üçin pul serişdelerini deslapdan Operatoryň hasaplaşyk hasabyna nagt ýa-da nagt däl görnüşdäki geçirim;

8) hasaba alyş belgisi (ady) Peýdalanyjynyň ulgama birikdirilmeginde identifikasiýa we awtorizasiýa etmek üçin zerur bolan maglumatlar (Peýdalanyjynyň ady we açarsöz ýa-da audentifikasiýanyň başga şoňa meňzeş serişdesi);

9) Internet-hyzmatlary Internet torunyň kanallary boýunça maglumatlary bermek ýa-da kabul etmek arkaly edilýän hyzmatlar;

10) Operator - Türkmenistanda Peýdalanyjylaryň Internet toruna elýeterliligini üpjün etmek boýunça işi we (ýa-da) Internet tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen edilýän beýleki hyzmatlary amala aşyrýan fiziki ýa-da ýuridik şahs. Türkmenistanda Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory hökmünde aragatnaşygyň operatory we (ýa-da) internet-prowaýder bolup biler;

11) Peýdalanyjy (Internet toruny peýdalanyjy) - maglumatlary kabul etmek ýa-da bermek maksady bilen Internet toruna birikdirilen ahyrky enjamdan peýdalanýan şahs;

12) Internet-hyzmatlaryny etmek baradaky şertnama Internet-hyzmatlaryny etmek hakynda Operatoryň we Peýdalanyjynyň arasynda baglanyşylan ylalaşyk;

13) maglumat ony saklamak, işläp taýýarlamak we bermek mümkinçiligini üpjün edýän ýörite görnüşde berlen habar;

14) maglumat-telekommunikasiýa tory maglumatyň ýygnalmagyny, işlenip taýýarlanylmagyny, saklanylmagyny, toplanylmagyny we ýaýradylmagyny üpjün edýän telekommunikasiýa aragatnaşyk we elektron-hasaplaýjy (kompýuter) tehniki serişdeleriň toplumy (jemi);

15) şahsy hasap peýdalanyjynyň hakujy tölegleri we Internet-hyzmatlary üçin töleg hökmünde hakujy töleglerinden saklanan pul serişdeleriniň möçberi baradaky maglumatlar. Peýdalanyjynyň şahsy hasabynyň ýeke-täk belgisi bolýar;

16) web-serwer Internet toruna birikdirilen kompýuter ýa-da tor serişdelerine elýeterliligi amala aşyrýan, müşderiçilik teklibine ýa-da kompýutere maglumat berýän programma. Web-serwer web-sahypalar görnüşinde guralan maglumaty saklaýar we Internet toruna berýär;

17) web-sahypa ýazgyny, grafiki, ses we wideo faýllary, animasiýany özünde saklap bilýän, aýratyn salgy (URL) bilen üpjün edilen, web-saýtyň özbaşdak bölegi, Internet torunda aýratyn resminama;

18) web-saýt ähli goýlanlar, papkalar, salgylanmalar we tehniki bölüm bilen tematiki taýdan baglanyşykly web-sahypalar topary.

II bap. Internet toruna birikdirmegiň tertibi we şertleri

3. Internet toruna birikdirmek hyzmatlary ähli Peýdalanyjylara olaryň arzasy boýunça şertnamany baglaşmak arkaly berilýär.

4. Internet-hyzmatlaryna isleg bildiren fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň arzalary, tehniki mümkinçilikler bar bolan şertinde Operator tarapyndan kanagatlandyrylýar. Internet-hyzmatlaryň sanawyna Peýdalanyjynyň eýeçiligindäki enjamlarynda sazlaýyş ýa-da enjamlaryna anyklaýyş işlerini geçirmeklik girmeýär.

5. Internet toruna birikdirmek simsiz ýa-da bölünip berlen liniýalar boýunça amala aşyrylýar, ýagny:

1) özbaşdak ulanylýan telefon liniýasyny peýdalanmaklyk arkaly;

2) kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň telefon liniýasyny peýdalanmaklyk arkaly;

3) simsiz birikdirilmeginden peýdalanmaklyk arkaly (Wi-Fi);

4) özbaşdak kompýuter ýa-da lokal kompýuter ulgamy arkaly, şeýle hem, bölünip berlen liniýadan peýdalanmaklyk arkaly.

6. Operator Internet hyzmatlaryny abatlaýyş-öňüni alyş işleriniň geçirilýän ýagdaýlaryndan başga, ähli ýagdaýlarda gije-gündiziň dowamynda üpjün edýär.

7. Fiziki şahsa internet-hyzmatlaryny etmek barada arzada (şu Tertibe 1-nji goşundy) şu aşakdakylar görkezilýär:

1) familiýasy, ady, atasynyň ady;

2) ýaşaýan ýeri;

3) pasport maglumatlary;

4) ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahs üçin bellenilen tertipde hususy telekeçi hökmünde bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň belgisi we senesi, hususy salgyt belgisi.

Ýuridik şahsa internet-hyzmatlaryny etmek barada arzada (şu Tertibe 2-nji goşundy) şu aşakdakylar görkezilýär:

1) doly ady;

2) ýuridik şahs hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnan belgisi we senesi;

3) guramaçylyk-hukuk görnüşi;

4) hukuk salgysy we telefon belgisi.

8. Internet-hyzmatlaryny peýdalanmaga isleg bildirýän şahslar arzalarynyň ýanyna şu aşakdaky resminamalary goşmalydyrlar:

1) fiziki şahslar we ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs- hususy telekeçi üçin:

a) pasportynyň nusgasy;

b) hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgasy;

ç) Internet hyzmatlarynyň peýdalanyljak desgasyna degişli, ýagny şol desga eýelik etmäge hukuk berýän (hususy eýeçiliginde, muzdsuz peýdalanmagynda ýa-da kärendesinde bolmagy) resminamasynyň nusgasy;

2) ýuridik şahs üçin:

a) esaslandyryş resminamalaryň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgalary;

b) Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme;

ç) Peýdalanyjy bolmaklyga isleg bildirýän ýuridik şahsyň ynanylan wekiliniň ynanç haty ýa-da ygtyýarlyklaryny tassyklaýan buýruk;

d) Internet hyzmatlarynyň peýdalanyljak desgasyna degişli, ýagny şol edara bina eýelik etmäge hukuk berýän (hususy eýeçiliginde, muzdsuz peýdalanmagynda ýa-da kärendesinde bolmagy) resminamasynyň nusgasy.

8. Peýdalanyjy ýuridik şahs edara binasyny ýa-da iş otaglaryny kärende şertnamasy esasynda ulanýan ýagdaýynda, Internet toruna birikdirmek hyzmatlaryny etmek diňe kärende beriji şahs tarapyndan bellenen tertipde rugsat berlen şertinde ýerine ýetirilýär.

9. Internet-hyzmatlaryny peýdalanmaga isleg bildiren şahsyň arzasy, oňa goşulan resminamalar we Operatoryň tehniki mümkinçilikleri bar bolan şertinde Internet-hyzmatlaryny etmek barada şertnama (mundan beýläk-Şertnama, şu Tertibe 3-nji goşundy) resmileşdirilýär.

10.Internet-hyzmatlaryny etmek barada şertnama boýunça Operator Internet toruna gozgalmaýan emlägiň obýektine degişli hukuk belleýji resminamanyň esasynda ýa-da kanuny esasda peýdalanmaga hukuk berýän resminamasynyň (kärende şertnamasynyň) nusgasy esasynda Peýdalanyja ahyrky enjamy birikdirmek boýunça hyzmatlary etmäge borçlanýar, Peýdalanyjy bolsa ýerine ýetirilen hyzmatlary tölemäge we olary ýokarda ady agzalýan Internet-hyzmatlaryny etmek barada şertnama, şu Tertibe we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda peýdalanmaga borçlanýar.

11. Internet-hyzmatynyň berilmekligi Operator tarapyndan Peýdalanyjynyň öz islegi boýunça arza ýazmak arkaly islendik wagtda, şeýle hem taraplaryň arasynda baglaşylan şertnamanyň talaplary bozulan ýagdaýynda bes edilip bilner.

12. Internet-hyzmatlaryny bermek Şertnama gol çekilenden, Internet-hyzmatlary üçin tölegler tölenen gününden 5 (bäş) senenama gününden gijä galman ýerine ýetirilýär.

13. Internet-hyzmatlaryny bermek üçin buýurma resmileşdirilende, Internet-hyzmatlaryna birikdirmek üçin töleg bilen birlikde, Peýdalanyjydan ediljek Internet-hyzmatyň hasabyna bir aý hakujy tölegi alynýar.

14. Operator aşakdaky ýagdaýlarda Internet-hyzmatlarynyň berlişiniň hili üçin jogapkärçilik çekmeýär:

1) Peýdalanyjy tarapyndan sertifikatlaşdyrylmadyk modemiň, kompýuter enjamlarynyň we/ýa-da ygtyýarnamasyz programma üpjünçiliginiň ulanylmagy;

2) Peýdalanyjy tarapyndan Internete girmek üçin enjamyň standart programmalarynyň ýa-da apparat düzmek boýunça parametrleriniň özbaşdak üýtgedilmegi ýa-da programma üpjünçiliginiň standart däl görnüşde düzülmegi;

3) fiziki ýa-da ýuridik şahslara aragatnaşyk hyzmatyny etmek üçin geçirilen telefon liniýalaryny paýlaýan gurluş enjamyň pes hilli bolmagy, telefon liniýalarynyň üzülen ýerleriniň bolmagy, izolýasiýanyň bozulmagy we ş.m.;

4) Peýdalanyjynyň modeminiň edara jaýyny awtomatiki telefon beketleri (mundan beýläk-ATB) arkaly birikdirilmegi ýa-da birikdirilen telefon enjamlarynyň bolmagy.

15. Peýdalanyjynyň hyzmatlary täze bellige alnan salga geçirmek barada azyndan 30 (otuz) senenama gün öňünden ýazmaça arza bermegi bilen, tehniki mümkinçilikler bar bolan şertinde, hyzmatlar täze bellige alnan salga geçirilip bilner, geçirmek boýunça tölegler internet-hyzmatlarynyň nyrhnamasyna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

16. Operator tarapyndan Internet-hyzmatlaryny etmek barada şertnamanyň bir taraplaýyn bozulmagy üçin aşakdakylar esas bolup biler:

1) Peýdalanyjy tarapyndan edilen hyzmatlaryň töleginiň tölenilmezligi;

2) Peýdalanyjynyň ýazmaça arzasy esasynda edilýän hyzmatlary wagtlaýyn togtatmak bilen baglanşykly möhletiniň tamamlanmagy bilen, arza boýunça hyzmatyň dikeldilmezligi.

III bap. Internet torunda berilýän hyzmatlaryň görnüşi

17. Internet-hyzmatlarynyň sanawy we şu hyzmatlar boýunça nyrhnama Operator tarapyndan kesgitlenilýär.

18. Operator Internet-hyzmatlaryň sanawyny üýtgeden halatynda, bu barada Peýdalanyja habar bermelidir.

19. Peýdalanyjy Operatoryň Internet torunda peýdalanmaklyk üçin rugsat berilýän islendik modifikasiýaly modem gurluşyny peýdalanmaklyga haklydyr.

§ 1 Internet-kafe görnüşindäki Internet-hyzmaty

20. Internet-hyzmatlary Operatorlar tarapyndan gurnalan Internet kafeleriň, simsiz (Wi-Fi) elýeterlilik nokatlarynyň üsti bilen hem berilýär.

21. Türkmenistanyň çäklerinde Internet-kafe görnüşindäki Internet-hyzmatynyň berilmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Operator tarapyndan bellenilýär.

22. Internet kafelerde aşakdakylar gadagan edilýär:

1) umumy ulanylýan Internet tory boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda ýaýradylmagy gadagan edilen maglumatlary ýaýratmak;

2) Internet kafede tehnikanyň we beýleki enjamlarynyň kadaly işlemegine zeper ýetirip biljek hereketleri etmek;

3) umumy ulanylýan Internet torunyň maglumatlar ulgamyna rugsatsyz girmeklige synanyşyk etmek;

4) zyýan ediji faýllary, pornografiýa mazmunly, terrorçylygy, urşy, zorlugy we ýowuzlygy wagyz etýän, jynsy deňsizligi, milli, dini we sosial ýigrenç döretmäge çagyryş edýän, milli we ahlak gymmatlyklara zyýan ýetirýän maglumatlary özünde saklaýan şeýle hem, jynsparazlygy wagyz edýän maglumatlary saýtlara ýerleşdirmek;

5) ulgama özbaşdak aralaşmak, düzülen parametrleri üýtgetmek we ulgamyň işini doly ýa-da bölekleýin bozup biljek beýleki hereketleri ýerine ýetirmek.

22. Internet kafede Internet-hyzmatlary peýdalanmaklyk Peýdalanyjynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasynyň (pasport, sürüjilik şahadatnamasy, harby bilet, dogluş hakyndaky şahadatnama) görkezilen ýagdaýynda amala aşyrylýar.

23. Internet kafede Internet-hyzmatlary üçin töleg nagt ýa-da nagt däl görnüşde amala aşyrylyp bilner. Peýdalanyjy Internet torunyň resurslaryny ulanylan wagty üçin doly tölegleri geçirmelidir.

24. Peýdalanyjy Internet kafesiniň içki düzgün kadalaryny berjaý etmelidir.

Internet kafeniň administratory tarapyndan Peýdalanyja Internet resurslaryna aralaşmak resmileşdirilenden soň, Peýdalanyjy tarapyndan Internet kafeniň emlägi zaýalanan ýagdaýynda, ol Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

§2 Hostingiň görnüşindäki Internet-hyzmaty

25. Internet-hyzmatlary hostingiň internet-hyzmatlary görnüşinde hem berilýär.

26. Hostingiň internet-hyzmatlaryny etmeginiň şertnamasy boýunça Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory Internet toruny peýdalanyjylara Internet toruna hemişelik birikdirilen enjamda bu serişdäni ýerleşdirmek arkaly maglumat serişdesine Internet toruny peýdalanyjylara elýeterliligi bermäge borçlanýar, Internet toruny peýdalanyjy bolsa, berlen hyzmatlary tölemäge we olary görkezilen şertnama, şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda peýdalanmaga borçlanýar.

27. Peýdalanyjy hostingiň internet-hyzmatlarynyň edilmegi üçin Operatora arza bilen ýüz tutýar we şol arza esasynda onuň bilen şertnama baglaşylýar.

Peýdalanyja hostingiň internet-hyzmatlarynyň edilmegi barada şertnama baglaşmazyndan öň Operator tarapyndan buýruk resmileşdirilýär.

28. Peýdalanyjy hostingiň internet-hyzmatlarynyň edilmegi hakynda buýruk resmileşdirilenden soň, öz elektron poçtasynyň salgysyny berýär we şol beren salgysynyň dogrulygy üçin jogapkärçilik çekýär. Eger-de hostingiň internet-hyzmatlarynyň edilmegi barada buýrujy tarapyndan nädogry maglumatlar berlen ýagdaýynda, Operator hostingiň internet-hyzmatlaryny etmezlige hukugy bardyr.

29. Operator Peýdalanyjy tarapyndan hostingiň internet-hyzmatlarynyň edilmegi üçin beren maglumatlaryň takyklygyna şübhe dörän ýagdaýynda, onda ol şertnama baglaşylmanka we şertnamanyň hereket edýän döwründe, ondan goşmaça maglumatlary ýa-da öňki beren maglumatlary tassyklamagy talap edip biler.

30. Hosting Operatory we Internet torundaky saýtyň eýesi maglumata eýelik edijiniň we maglumaty peýdalanyjynyň öňünde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maglumata rugsada goýlan çäklendirmeler üçin jogapkärçilik çekmeýär.

§ 3 Elektron poçta görnüşindäki Internet-hyzmaty

31. Elektron poçtanyň internet-hyzmatlaryny etmegiň şertnamasy boýunça Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory hyzmatlary sarp edijä salgyny bermäge we bu salga gönükdirilen habary Internet torunyň üsti bilen kabul etmäge, şeýle hem Internet toruny peýdalanyjynyň tabşyrygy boýunça onuň görkezen salgysyna şeýle habary ibermäge borçlanýar, Peýdalanyjy bolsa berlen hyzmatlary tölemäge we olary görkezilen şertnama, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda peýdalanmaga borçlanýar.

Elektron poçtanyň internet-hyzmatlaryny etmek baradaky şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar.

32. Elektron poçtanyň internet-hyzmatlaryny etmek şertnamasyny üýtgetmek ýa-da oňa goşmaça girizmek hakynda taraplaryň ylalaşygy şertnamanyň özi ýaly görnüşde amala aşyrylmalydyr.

33. Elektron poçtanyň internet-hyzmatlaryny etmegiň şertnamasynda Peýdalanyja berilýän salgy, olar bolan mahalynda maglumatyň görnüşine bolan goşmaça talaplar, Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory tarapyndan maglumaty kabul etmegiň we bermegiň möhletleri görkezilmelidir, olar degişli kadalar bilen göz öňünde tutulandakydan uzak bolup bilmez.

34. Elektron poçtanyň internet-hyzmatlaryny etmegiň şertnamasynda Peýdalanyjynyň salgysyna gelen maglumatyň iň uly göwrümi we ony saklamagyň möhletleri, Operator tarapyndan şol bir wagtda kabul edilýän we iberilýän maglumatyň iň uly göwrümi, bu çäklendirmeler ýokary geçilen mahalynda hereket etmegiň tertibi goşmaça göz öňünde tutulýar.

§ 4. Döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryň internet-hyzmaty

35. Döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň internet-hyzmatlary eger anyk internet-hyzmatlaryny bermek mümkinçiligi Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik bolsa, Internet torundaky ýörite saýtyň üsti bilen islendik ýüz tutan adama berilýär.

36. Internet torundaky ýörite saýt şu aşakdakylary üpjün etmelidir:

1) döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan internet-hyzmatlarynyň berilmegini, şeýle hem görkezilen hyzmatlaryň sanawynyň saklanylmagyny;

2) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň internet-hyzmatlaryny almak üçin gerek bolan resminamalary elektron görnüşde doldurmak mümkinçiligini;

3) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň internet-hyzmatlaryny almak üçin resminamalary elektron görnüşde bermek mümkinçiligini;

4) döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan internet-hyzmatlaryny etmegiň barşy hakyndaky maglumaty elektron görnüşde almak mümkinçiligini;

5) eger şeýle mümkinçilik bu hyzmatyň düýp mazmunyna ters gelmese, döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň etmeli internet-hyzmatlarynyň netijelerini elektron görnüşde almak mümkinçiligini;

6) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň edýän internet-hyzmatlary üçin tölegi elektron görnüşde geçirmek mümkinçiligini.

37. Internet-hyzmatlary berlende döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary degişli hyzmat üçin ýüz tutan fiziki şahslaryň şahsy maglumatlarynyň jar edilmezligini üpjün etmäge borçludyrlar.

38. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Internet torunda ýörite saýty döredenlerinde onuň işlemek howpsuzlygyny we goragyny üpjün etmek boýunça çäre görmelidirler.

IV bap. Internet torlarynda bar bolan maglumaty goramagyň şertleri

39. Maglumaty goramak şu aşakdakylara gönükdirilen hukuk, guramaçylyk we tehniki çäreleriň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýar:

1) maglumaty birugsat aralaşmakdan, ýok etmekden, şekilini üýtgetmekden, gabamakdan, nusgasyny göçürmekden, bermekden we ýaýratmakdan, şeýle hem maglumat babatynda beýleki birugsat hereketlerden goramagyň üpjün edilmegini;

2) rugsady çäklendirilen maglumatyň ýaşyrynlygynyň üpjün edilmegini;

3) maglumata rugsada bolan hukugyň durmuşa geçirilmegini.

40. Maglumaty goramak çygryndaky gatnaşyklaryň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi maglumaty goramak boýunça talaplary, şeýle hem Türkmenistanyň maglumaty goramak hakynda kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçiligi bellemek arkaly amala aşyrylýar.

41. Maglumata eýelik ediji, maglumat ulgamynyň operatory Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda şulary üpjün etmäge borçludyrlar:

1) maglumata rugsatsyz aralaşylmagynyň we onuň maglumata rugsada hukugy bolmadyk şahslara geçirilmeginiň öňüni almak;

2) maglumata rugsatsyz aralaşylan halatlaryny öz wagtynda ýüze çykarmak;

3) maglumata rugsadyň tertibiniň bozulan halatlarynda ýaramaz netijeleriň bolmagynyň mümkinligi barada duýdurmak;

4) maglumaty gaýtadan işleýän tehniki serişdeleriň iş hereketleriniň bozulmagyna getirip biljek täsir etmelere ýol bermezlik;

5) rugsatsyz aralaşylmagyň netijesinde üýtgedilen ýa-da ýok edilen maglumatyň dessine dikeldilmegine mümkinçilik döretmek;

6) maglumatyň goraglylyk derejesiniň üpjünçiligine hemişelik gözegçiligi amala aşyrmak.

42. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen maglumaty goramagyň kesgitli serişdelerini peýdalanmaga we maglumaty goramak çygrynda işleriň aýry-aýry görnüşlerine çäklendirme bellenilip bilner.

§1. Maglumat goraglygynyň serişdeleriniň guramaçylygy

43. Edara-kärhanada Internet howpsuzlyk bölümi (mundan beýläk-IHB) ýa-da Internet howpsuzlyk boýunça hünärmenler tarapyndan şu aşakdaky işler geçirilýär:

1) Internet hyzmatlary bilen bagly içerki resminamalary işläp düzýär, olarda kompýuter tehnikasy bilen iş alyp barmagyň düzgünleri we maglumatyň ýaşyrynlygy kesgitlenýär;

2) gözükdiriş çäreleri we hünärmenleriň biliminiň döwürleýin barlaglaryny (zähmet şertnamalaryna goşmaça ylalaşyklara gol çekilmegini göz öňünde tutýar, şol ýerde iş boýunça mälim bolan görkezjileriň paş edilmegi ýa-da bikanun peýdalanylmagy babatynda jogapkärçilik bellenilýär) geçirýär;

3) jogapkärçiligiň çäklerini belleýär, bu bolsa bir işgäriň garamagynda bolan has wajyp görkezjileriň toplanmagy bilen bagly ýagdaýy aradan aýyrmaga şeýle hem içki resminamalaryň tordaky disklerden daşarda ýerleşdirilmezligi üçin ýardam berýär;

4) Internet-hyzmatlaryny etmek üçin ulanylýan programmalaýyn serişdeleri we tehniki enjamlary ulanyşa girizýär, bu bolsa peýdalanyjylaryň islendigi, şol bir hatarda kärhananyň ýolbaşçylary tarapyndan görkezjileriň göçürilmegini ýa-da ýoklanylmagyny aradan aýyrýar;

5) Internet ulgamynyň gaýtadan işe girizilmeginiň meýilnamasyny düzýärler, meýilnama Internet ulgamynyň hatardan çykan ýagdaýynda ulanylýar.

44.Eger-de kärhanada IHB-mi ýa-da Internet howpsuzlyk boýunça hünärmen ýok bolan ýagdaýynda autsorsingiň (outsourcing) kömeginden peýdalanyp bolýar.Autsorsing uzak aralykdan iş alyp barýan tarap bolmak bilen, kärhananyň IT infrastrukturasynyň auditini geçirmäge ukyply bolýar we onuň içerki hem-de daşarky wehimlerden goralmagy boýunça maslahatlary berýär. Şonuň ýaly hem IHB-i autsorsing toplumlaýyn maglumatlaryň goralmagy bilen baglanşykly Internet-hyzmatlaryny etmek üçin ulanylýan programmalaýyn serişdeleriň we tehniki enjamlaryň peýdalanylmagyny göz öňünde tutýar.

§2. Maglumat goraglygynyň tehniki serişdeleri

45. Maglumat goraglygynyň tehniki serişdeleriniň topary enjamlaýyn we maksatnamalaýyn serişdeleri utgaşdyrýar. Olardan esasylary:

1) ätiýaçlyk nusgalarynyň alynmagy we kompýuter ulgamynda jemlenilen has wajyp görkezjileriň başga ýerlerde saklanylmagy yzygiderli esasda;

2) tordaky görkezijileriň saklanylmagy üçin uly ähmiýete eýe bolan ulgamçalaryň hemmesiniň nusgasynyň emele getirilmegi we ätiýaçlandyrylmagy;

3) özbaşdak düzüm birlikleriniň iş ukyplylygynyň bozulan halatynda tordaky ätiýaçlyklary gaýtadan paýlamak mümkinçiliginiň döredilmegi;

4) goşmaça elektrokuwwatlyk ulgamyny ulanmak mümkinçiliginiň üpjün edilmegi;

5) ýangynyň ýa-da suwuň täsiri astynda enjamyň hatardan çykmagynda howpsuzlygyň üpjün edilmegi;

6) maglumatlar gorunyň we beýleki görkezjileriň ygtyýarsyz aralaşmakdan goraglylygyny üpjün etmek üçin Internet-hyzmatlaryny etmek üçin ulanylýan programmalaýyn serişdeleri we tehniki enjamlary ornaşdyrylmagy.

46. Kompýuter ulgamlarynyň desgalarynyň fiziki taýdan uzaklaşdyrylmagynyň üpjün edilmegi boýunça çäreler, mysal üçin, otagyň kameralar we duýduryjy abzallar bilen enjamlaşdyrylmagy ýaly amaly çäreler hem tehniki çäreleriň toplumyna girýär.

§3. Identifikasiýa we autentifikasiýa

47. Maglumata bikanun çemeleşilmegini aradan aýyrmak maksady bilen identifikasiýa we autetifikasiýa ýaly usullary peýdalanylýar:

1) identifikasiýa bu özboluşly şahsy ady ýa-da maglumat bilen özara gatnaşykda bolýan peýdalanyjynyň keşbini özleşdirmek boýunça gurluşdyr;

2) autentifikasiýa bu peýdalanyjynyň işletmäge ygtyýar berlen adam bilen gabat gelmegini barlamak usullarynyň ulgamydyr.

48.Maglumata bikanun çemeleşilmegini aradan aýyrmak üçin ulanylýan identifikasiýa gurluşlar we autetifikasiýa ulgamlar, maglumatlara elýeterliliginiň üpjün edilmegi ýa-da tersine gadagan edilmegi üçin gönükdirilendir.Maglumatlaryň laýyk gelmegi adatça üç usulda kesgitlenilýär: maksatnamalaýyn, enjamlaýyn, adamyň gatnaşmagynda. Şunda autentifikasiýanyň iş ugry diňe adam bilen çäklenmeýär, eýsem tehniki serişdeler (kompýuter, monitor, maglumat göterijiler) ýa-da maglumatlar hem onuň bir düzümini emele getirýär.

Goraglylygyň ýönekeý usuly syrly belgilenmelerdir.

V bap. Internet toruny we başgalary peýdalanmak bilen maglumat alyşmagyň

49. Maglumaty bermek maglumat alyşmasyna gatnaşýan şahslaryň ylalaşygy boýunça bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Döwlet maglumat ulgamlary döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny durmuşa geçirmek we bu edaralaryň arasyndaky maglumat alyşmasyny üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem beýleki döwlet zerurlyklaryny (harytlary ibermek boýunça sargytlary ýerleşdirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmat etmek boýunça talaplar) üpjün etmek üçin döredilýär.

50. Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda maglumat goraglylygy boýunça işler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

51. Maglumat goraglylygy tehniki ýollar arkaly maglumatyň ýaýradylmagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň toplumyny berjaý etmek we ygtyýarsyz aralaşmakdan öňüni almak, gaýtadan işlemegiň, tabşyrmagyň hem-de saklamagyň barşynda bozmak (ýoklamak) ýa-da ýoýmak maksady bilen bilkastlaýyn edilýän tehniki täsiri duýdurmak esasynda amala aşyrylýar.

52. Maglumat goraglylygynyň üpjünçiligi boýunça işleriň esasy ugurlary aşakdakylardan ybaratdyr:

1) maglumat goraglylygy ulgamynyň netijeli dolanyşygynyň üpjün edilmegi;

2) keseki tehniki serişdelerden goralýan görkezijileriň kesgitlenilmegi;

3) maglumat goraglylygyny üpjün etmek we olary ýerine ýetirmek boýunça guramaçylyk-tehniki çäreleriň işlenip düzülmegi;

4) maglumatyň äşgär edilmegindäki, ygtyýarsyz aralaşmakdaky, gaýtadan işlemegiň, tabşyrmagyň hem-de saklamagyň barşynda bozmak (ýoklamak) ýa-da ýoýmak maksady bilen bilkastlaýyn maksatnamalaýyntehniki täsirindäki hakyky howplaryň öwrenilmegi we kesgitlenilmegi, goraglylyga dahylly maglumatyň ýaýramagynyň mümkin bolan tehniki ýollarynyň ýüze çykarylmagy;

5) maglumat goraglylygynyň ýagdaýyna gözegçiligiň ýola goýulmagy we alnyp barylmagy.

53. Maglumat goraglylygy boýunça guramaçylyktehniki işleriň esasy ugurlary aşakdakylardan ybaratdyr:

1) degişlilikdäki gizlinlik derejesine eýe bolan görkezjiler bilen iş alyp barmakda maglumat goraglylygynyň üpjünçiligine bildirilýän talaplar boýunça ugurlaryň synag edilmegi;

2) maglumat goraglylygy babatynda tehniki serişdeleriň sertifikatlaşdyrylmagy we olaryň netijeliligine gözegçilik, maglumat beriş ulgamlary we serişdeleri hem-de tehniki ýollar bilen maglumatyň ýaýramagynyň goraglylygyndaky aragatnaşyklar;

3) goragyň üpjün edilmeginde maglumat we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlarynyň döredilmegi hem-de ulanylmagy;

4) desgalar, ulgamlar we maglumat hem-de aragatnaşyk serişdeleri döredilende we ulanylanda maglumat goraglylygynyň tehniki çözgütleriniňhem-de düzüm birlikleriniň ornaşdyrylmagy;

5) maglumat goraglylygy babatyndaky enjamlaryň (ýörite ýa-da umumy maksatly) peýdalanylmagy we olaryň netijeliligine gözegçilik;

6) aragatnaşyk ýollary boýunça iberilýän maglumatlaryň äşgär edilmegini aradan aýyrýan ýöriteleşdirilen usullaryň, tehniki çäreleriň we maglumat goraglylygy babatyndaky enjamlaryň peýdalanylmagy.

54. Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda zerur bolan çäreler görülmezden goralyp saklanýan we ýörite ygtyýar berlen adamlara aralaşmaga mümkin bolan, şeýle hem özünde döwlet syryny saklaýan maglumatlaryň peýdalanylmagy bilen dürli çäreleriň we işleriň alnyp barylmagyna ygtyýar berilmeýär.

55. Maglumat goraglylygy Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda maglumat ulgamyny, gorlaryny döretmek we ulanmak babatyndaky işleriň esasy bölegini emele getirýär hem-de Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ählisinde berjaý edilmäge degişlidir.

56. Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda maglumat goraglylygy boýunça işler guramaçylyktehniki çäreler boýunça ýyllyk meýilnama girizilýär. Işleriň netijelerine Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň degişlilikdäki hemişelik hereket edýän tehniki iş toparynyň jemleýji hasabatlarynda seredilýär.

57. Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda maglumat goraglylygyny üpjün etmek boýunça işleriň hataryna şu aşakdakylar degişli bolup durýar:

1) maglumatlaryň bozulmagyny, ýoklanmagyny, ýoýulmagyny ýa-da maglumat serişdeleriniň işinde bökdençligi emele getirýän ýörite maksatnamalaýyn tehniki täsirleriň öňüni almak boýunça ýörite maksatnamalaryň, enjamlaýyn gorag gurnamalarynyň (antiwirus programma üpjünçiliginiň, maksatnamalarynyň) peýdalanylmagy, howpsuz maksatnama üpjünçiligi ulgamynyň guralmagy bilen alnyp barylýan işler;

2) garşylykly elektromagnit şöhlelenmeleriniň we ugrukdyrylmalarynyň, şeýle hem tehniki gorag serişdeleriniň ulanylmagy arkaly eýe bolunýan elektroakustiki üýtgedilmeleriň, enjamlaýyn gorag gurnamalarynyň, binalaryň ýa-da aýratynlykdaky ymaratlaryň ekranlaşdyrylmagynyň, beýleki guramaçylyk we tehniki çäreleriň peýdalanylmagy bilen maglumat serişdeleriniň töweregindäki çäkleriň gözegçilikde saklanmagynyň hasabyna gaýtadan işlenilýän maglumatyň ýaýradylmagynyň öňüniň alynmagy boýunça işler;

3) kriptografiki gorag usullarynyň, gaýry guramaçylyk we çäklendiriş çäreleriniň peýdalanylmagynda ýörite maksatnamalaýyn tehniki serişdeleri ulanmak arkaly tehniki serişdelerde saklanýan maglumatlaryň gaýtadan işlenilmeginde we saklanylmagynda ygtyýarsyz aralaşmagy aradan aýrylmagy boýunça işler;

4) maglumaty äşgär etmek üçin elektron gurluşlara birikdirilen desgalary we tehniki serişdeleriň (birikdirilme gurnamalary) ýüze çykarmak boýunça ýörite barlaglary geçirmek arkaly şeýle gurluşlary aýan etmek boýunça işler.

58. Çäklendirlen ýeterlilikdäki maglumat bellenilen tertipde sertifikatlaşdyrylan tehniki we maksatnamalaýyn gorag enjamlarynyň peýdalanylmagynda gaýtadan işlenilmelidir.

59. Tehniki serişdeleriň we olaryň maksatnamalaýyn üpjünçiliginiň goraglylyk talaplaryna laýyklygy güwälendiriş synaglarynyň ýa-da ýörite barlaglaryň hem-de tehniki serişdeleriň we maksatnamalaýyn üpjünçiliginiň ýörite synaglarynyň netijeleri boýunça resmileşdirilýän ulanylyşy babatyndaky beýannama laýyklykda iş ugrunyň şu görnüşi boýunça ygtyýarnama eýe bolan kärhana tarapyndan berilýän güwänama esasynda tassyklanylýar.

60. Ulgamyň taýýarlygyny kesgitlemek üçin maglumat howpsuzlygynyň talap edilýän goraglylyk derejesiniň peýdalanylýan usullara, çärelere we serişdelere laýyk gelmegi hakykatdaky ulanyş şertlerinde bellenilen ulgamlaryň we serişdeleriň barlagy geçirilýär.

61. Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda maglumat goraglylygynyň ýagdaýyna gözegçilik, maglumat goraglylygynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişiniň, şeýle hem maglumat goraglylygy boýunça bellenilen talaplaryň we kadalaryň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi üçin kabul edilen çäreleriň esaslandyrmalarynyň kesgitlenilmeginde we netijeliliginde jemlenýär.

62. Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary maglumat goraglylygy boýunça özleriniň düzüm birlikleriniň (hünärmenleriň) üsti arkaly gözegçiligi ýola goýup alyp barmalydyr.

63. Eger-de peýdalanylýan çäreler bellenilen talaplara we kadalara laýyk gelýän bolsa, maglumat goraglylygy netijeli hasaplanylýar. Maglumat goraglylygy boýunça bellenilen talaplaryň we kadalaryň berjaý edilmezligi düzgün bozulma bolup durýar.

64. Düzgün bozulmalar wajyplygy taýdan üç topara bölünýär:

1) maglumat goraglylygy boýunça bellenilen talaplaryň berjaý edilmezligi, şunuň netijesinde onuň tehniki ýollar bilen ýaýramak hakyky mümkinçilikleriniň bolup geçmegi ýa-da ýüze çykmagy;

2) maglumat goraglylygy boýunça bellenilen talaplaryň berjaý edilmezligi, şunuň netijesinde onuň tehniki ýollar bilen ýaýramagyndaky salgylanmalaryň emele gelmegi;

3) maglumat goraglylygy boýunça beýleki talaplaryň berjaý edilmezligi.

65. Birinji topardaky düzgün bozulmalar ýüze çykarylan halatynda Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) düzgün bozulmalaryň ýüze çykmagynyň mümkin bolan böleginde (iş ýerinde) işi gyssagly bes etmeklige;

2) geljekde düzgün bozmalara ýol bermezlik maksady bilen düzgün bozulmalaryň sebäplerini we emele gelmeginiň şertlerini ýüze çykarmak we düzgün bozan şahsy jogapkärçilige çekmek maksady bilen, bellenilen tertipde derňewini guramaga;

3) ýüze çykarylan düzgün bozulmalary we görlen çäreler hakynda ygtyýarly edaralary habardar etmeklige.

66. Düzgün bozulmalar aradan aýyrlandan soňra hem-de görlen çäreleriň ýeterlikdigi we netijelidigi kesgitlenmegi netijesinde işleri gaýtadan alyp barmaga ygtyýar berilýär.

67. Ikinji we üçünji topardaky düzgün bozulmalar ýüze çykarylan halatynda Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary barlag geçiren edaralar bilen ylalaşmak esasynda bellenilen möhletde olary aradan aýyrmak boýunça zerur çäreleri görmäge borçlanýarlar.

68. Barlaglaryň netijesi boýunça günäkär şahslara düzediş häsiýetli çäre görmek hakynda teklipler girizilýär.

69. Maglumat goraglylygy üpjün edilmegi boýunça ygtyýarly edarasynyň wekilleriniň maglumat goraglylygynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin desgalara, işlere we resminamalara goýberilmegi ýörite şahadatnamanyň we degişli desgada barlaglaryň geçirilmegine hukuk berýän ygtyýarnamanyň görkezilmeginde bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

VI bap. Internet-hyzmatlaryny etmek barada şertnama boýunça hasaplaşyklaryň tertibi

70. Operator şertnama baglanşylan soň, Peýdalanyjyny “billingde” hasaba alýar, ýagny ýeke-täk belgili şahsy hasap açýar.

71. Peýdalanyjynyň şahsy hasabynda Operator tarapyndan edilen hyzmatlaryň we goşmaça hyzmatlaryň möçberi (olaryň ölçenilmeginiň birliklerinde, şonuň ýaly hem baha manysynda), şeýle hem Peýdalanyjynyň ähli tölegleri göz öňünde tutulýar.

72. Internet-hyzmatlary, Peýdalanyjy tarapyndan deslapdan Operatoryň bank hasabyna geçirilen hakujy töleginiň ýa-da hakyky edilen hyzmatlar üçin bellenen tertipde töleg geçirilmeginiň hasabyna berilýär.

73. Hyzmatlar üçin hasaplaşyklar Peýdalanyjy özi tarapyndan ýerine ýetirilýär.

74. Peýdalanyjy ýaşaýan ýa-da ýerleşýän salgysyny üýtgedýän ýagdaýynda, ol bu barada Operatora 10 (on) senenama gün öňünden duýdurmalydyr we özüne edilen hyzmatlaryň tölegini doly tölemelidir.

75. Peýdalanyjy-fiziki şahs tarapyndan Internet-hyzmatlar üçin hakujy tölegini tölemek arkaly ýerine ýetirilýär.

76. Peýdalanyjy-ýuridik şahs tarapyndan hyzmatlar üçin tölegler hyzmatlaryň edilýän aýynyň yzyndan gelýän her aýyň 10 (onundan) gijä galman, oňa berlen hasap resminama esasynda alnan gününden 5 (bäş) iş gününiň dowamynda ýerine ýetirilýär.

77. Peýdalanyjy-ýuridik şahs tarapyndan hasap resminamada aşakdakylar maglumatlar bolmalydyr:

1) hasaplaşyk döwri;

2) tölegiň möçberi;

3) Internet torunyň resurslaryny eýelemekliginiň trafik göwrümi ýa-da minut möçberi üçin bahasy;

4) goşmaça hyzmatlaryň baha möçberi;

5) tölege degişli umumy baha möçberi, şol sanda goşulan baha üçin salgydy hasaba almak bilen;

6) hasap berlen sene;

7) töleg tölenmeli möhleti.

78. Peýdalanyjy edilen hyzmatlar boýunça tölegleri öz wagtynda amala aşyrmaga borçludyr.

79. Peýdalanyjy Operatora arza bermek arkaly nyrh meýilnamasyny üýtgetmeklige haklydyr.

80. Peýdalanyjynyň hasabynda bar bolan pul möçberiniň tamamlanan ýagdaýynda, Operator hyzmatlaryň edilmegini saklamaklyga haklydyr.

Hyzmatlaryň edilmeginiň saklanan döwründe Operator internet-hyzmatlarynyň tölegleriniň nyrhnamasyna laýyklykda, Peýdalanyjydan tölegi doly möçberde tutup alýar (diňe ýuridik şahslar üçin).

81. Internet-hyzmatlary üçin tölegler hasap alnan gününden (ýuridik şahslar üçin) we/ýa-da töleg möhletiniň ýeten gününden (fiziki şahslar üçin) bir aýyň dowamynda tölenilmedik ýagdaýynda, Operator Peýdalanyjynyň ýerli telefon belgisinden, internet toruny peýdalanmaklyklygyny öçürmek hukugyny özünde galdyrýar.

82. Banklarda bank hasaplary bar bolan Peýdalanyjylardan edilen hyzmatlar üçin töleg almaklyk, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde töleg resminamasy esasynda geçirilýär.

83. Operator hyzmatyň elýeterliligini dikeltmekligi Peýdalanyjy tarapyndan hakujy töleginiň tölenilmeginden we (ýa-da) bergisini üzeninden soňra ýerine ýetirýär.

84. Internet-hyzmatlaryny etmek barada şertnamanyň bozulan ýagdaýynda ulanylmadyk hakujy tölegi Peýdalanyja gaýtarylyp berilýär.

85. Peýdalanyjynyň öz günäsi bilen, ýagny otag liniýalarynyň näsaz bolmagy we/ýa-da modem enjamynyň işlemän durmagy bilen bagly, Internet hyzmatyň dowam edilmedik ýagdaýynda, töleg doly möçberde alynýar.

86. Operatoryň günäsi bilen Internet hyzmatlaryň 3 (üç) senenama günden artyk möhletiň dowamynda edilmedik ýagdaýynda, Internet Peýdalanyjy tölegleriň gaýtadan hasaplanylmagyny talap edip biler.

VII bap. Jedellere garamagyň tertibi

87. Peýdalanyjy Operatora Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şikaýat bildirmäge haklydyr.

88. Peýdalanyjylar bilen Operatoryň arasynda jedel ýüze çykan ýagdaýynda jedeller we düşünişmezlikler gepleşikler geçirmek arkaly çözülýär. Eger-de, ýüze çykan jedeller we düşünişmezlikler gepleşikler arkaly çözmek mümkin bolmadyk ýagdaýynda, jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, kazyýet tertibinde çözülmäge degişlidir.

89. Internet-hyzmatlary babatynda arz-şikaýatlara seretmek bilen bagly hatlar 3 (üç) ýylyň dowamynda goralyp saklanýar.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda 1423 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

Ýene degişli makalalar

AŞTU: Call center — siziň biznesiňiz üçin
Aziýa — Ýuwaş umman sebiti — Ýewropa ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri
TM CELL TÄZE 71-LIK KODUNY IŞE GIRIZDI
Türkmenpoçta: ýükleri Türkmenistanyň islendik künjegine ygtybarly we çalt eltip bermek
Türkmenpoçta ýükleri ýollamak hyzmatynyň nyrhnamasyny arzanlatdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy