Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi

Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny berkitmek, sporta bolan söýgini artdyrmak we köpçülikleýin sporty ösdürmek maksady bilen her ýylda geçirilýän Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy atly sport ýaryşlaryna Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary uly ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşýarlar.

3-nji aprelde Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň sport zalynda we sport meýdançasynda geçirilen sport ýaryşlary hem sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleriniň barha giň gerime eýe bolýandygyna hem-de ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Ata Watanymyzda ýaşlaryň sagdyn bedenli we sagdyn ruhly, kämil şahslar bolup ýetişmekleri, döwrebap bilim-terbiýe we hünär almaklary üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýaşlar ylym-bilimde, sportda öz başarnyklaryny görkezýärler we uly ruhubelentlik bilen üstünlikler gazanýarlar.

Ýene degişli makalalar

Ahmet Penjiýew hyýaly hakykata öwürýän alym
Kiýewde ýiten türkmen gyzy 'dekanat bilen oňuşmazlykdan' soň özüni heläkledi
Kiýewde ýiten türkmen gyzy dekanat bilen oňuşmazlykdan’ soň özüni heläkledi
Prokuratura türkmenistanly studentiň ykbalyny 'öz janyna kast etmäge itermek' maddasynyň esasynda derňeýär
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ÝeB-niň ERASMUS+ maksatnamasyna gatnaşýarlar
09.09.2019 | Sanlaşdyrmak hereketde: telekommunikasiýalar we ekerançylyk
Sanlaşdyrmak hereketde: telekommunikasiýalar we ekerançylyk