Türkmenbaşy döwlet ýolbaşçysynyň saparyna taýýarlanýar, arassaçylyk we abadanlaşdyrmak işleri batlanýar

Türkmenbaşy döwlet ýolbaşçysynyň saparyna taýýarlanýar, arassaçylyk we abadanlaşdyrmak işleri batlanýar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde giň gerimli arassaçylyk we abadanlaşdyrmak işleri geçirilýär. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bu çäreleriň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçysynyň welaýata etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.

“Şu günler Türkmenbaşynyň köçelerinde arassalaýyş işleri batlandy. Köçeler süpürilýär, ýollardaky çukurlar ýamalýar” diýip, ýagdaýlardan habarly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Bu işler arassaçylyk işgärleri bilen bir hatarda, býujet işgärleri we ýokary synp mekdep okuwçylary tarapyndan amal edilýär.

“Mekdep mugallymlary, hassahanalaryň we myhmanhanalaryň işgärleri, şeýle-de 12-nji synp okuwçylar Türkmenbaşy-Garabogaz aralygynda ýol ugrundaky hapa haşal otlary, taşlanan zibilleri arassalamaga mejbur edilýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Sebitde howpsuzlyk çäreleri hem güýçlendirilip, köçelerde resmi we raýat egin-eşigindäki polisiýa işgärleriniň sanynyň göz-görtele artandygyny synlasa bolýar.

Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň býujet işgärlerine aýtmagyna görä, bu çäreler ýokary derejeli döwlet ýolbaşçysynyň welaýata etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşykly.

“Prezident Serdar Berdimuhamedowyň öňümizdäki hepde Türkmenbaşa geljekdigi aýdylýar. Onuň sebitdäki nebit-himiýa desgalaryna, şol sanda Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumyna, Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän zawoduň guruljak ýerine baryp görmegine garaşylýar” diýip, türkmenbaşyly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Türkmenbaşy şäher häkimliginden resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we resmi metbugaty döwlet ýolbaşçylarynyň ýurduň sebitlerine amala aşyrjak saparlary barada öňünden maglumat bermeýärler. Şol sebäpli bu saparyň amala aşjakdygy ýa-da aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälimliginde galýar.

Bellesek, ýakynda Türkmenistanyň metbugaty “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Ýaponiýanyň “Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.” we Türkiýäniň “Gap Inşaat Ýatyrym we Diş Tijaret Anonim Şirketi” kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berlendigini habar berdi.

Ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmeli zawodyň gurulmagy baradaky karara prezident Serdar Berdimuhamedow 19-njy sentýabrda gol çekdi.

Türkmenistanda adatça döwlet ýolbaşçylarynyň sebitlere etjek saparlarynyň öňüsyrasynda, degişli welaýatlarda giň gerimli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri geçirilýär. Bu işlere köplenç Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri bilen bir hatarda, edara-kärhanalaryň işgärleri hem mejbury gatnaşdyrylýar.

Türkmen prezidenti 15-nji oktýabrda Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebapda iri gazturbinaly elektrik stansiýasy açyldy
Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini artdyrjak elektrostansiýa açylyp, ulanylmaga berildi
Lebap welaýatynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy açyldy
“Taýfun” 561 Kilometr Aralykdan Nyşanany Urdy
Türkmen kärhanalary birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşdylar
Türkmen telekeçileri daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen şertnama baglaşdylar