Türkmenbaşy: Hojalyk töleglerini geçirmediklere elektriginiň we suwunyň kesiljekdigi duýdurylýar

Türkmenbaşy: Hojalyk töleglerini geçirmediklere elektriginiň we suwunyň kesiljekdigi duýdurylýar

Şu günler Balkan welaýatynyň häkimiýetleri ilatdan hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini almak işlerini güýçlendirdiler. Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylaryna hojalyk hyzmatlary üçin tölegleri tizden-tiz geçirmedikleriň tok we suw üpjünçilikleriniň kesiljekdigini duýdurýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji martda sebitden maglumat berdi.

“Elektrik, suw üpjünçilik edaralarynyň we arassaçylyk gullugynyň işgärleri şu hepdäniň başynda ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp başladylar. Olar ýaşaýjylardan ýanwar, fewral we mart aýlary üçin gaz, suw we lagym töleglerini tizden-tiz geçirmegi talap edýärler” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Geçen ýylda sarp eden hojalyk hyzmatlary üçin bergili çykan hojalyklaryň elektrik energiýasynyň bahasy öňki nyrhdan hasaplanýar. Ýöne olar suwuň we lagym ulgamynyň bahasyny täze nyrhdan tölemeli bolýarlar we olardan 1 kub metr suw üçin 1 manat alynýar.

Şu ýylyň başyndan döwlet tarapyndan hojalyklara berilýän içimlik suwuň bahasy öňünden hiç hili duýduryş berilmezden, birden 100% gymmatlady. Paýtagtyň we sebitleriň ýaşaýjylary bu barada hojalyk hyzmatlary üçin tölegleri geçiren wagtynda bilip galdylar.

“Mundan ozal üç aý sarp eden suwy we lagym ulgamy üçin takmynan 40 manat tölän hojalyklar indi 110 manat möçberinde töleg geçirmeli bolýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Elektrik, suw edaralarynyň we arassaçylyk gullugynyň işgärleri ýaşaýjylara tölegleri tizden-tiz geçirmedikleriň tok we suw üpjünçilikleriniň kesiljekdigini hem duýdurýarlar.

Bu edaralaryň birnäçe işgäriniň anonim şertde habarçymyza aýtmagyna görä, özleriniň şeýle haýbatlary atmagyna ýaşaýjylaryň tölegleri öz wagtynda geçirmezligi sebäp bolýar.

Şol bir wagtda, ýaşaýjylar tölegleri wagtynda geçirmezliginiň sebäbini, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň günsaýyn agyrlaşýandygy, tölegleri geçirmäge maddy mümkinçilikleriniň ýokdugy bilen düşündirýär.

“Täze suw we lagym bahalary hojalyklara has-da agram salýar.Gaz, elektrik, telefon, internet, suw, lagym we beýleki komunal tölegler üçin her aýda 600 manada golaý töleg tölemeli.

Aýlygym 1000 manat. 300 manada hem un satyn alsam, beýleki zerurlyklara pul galmaýar.Durmuş gymmatlaýar, ýetirinip bolmaýar.Aýlygymyň ýarysyny hojalyk töleglerine geçirsem, nädip ýaşamaly?” diýip, şäheriň etegindäki hassahanalaryň birinde arassaçylyk işgäri bolup işleýän 50 ýaşlaryndaky türkmenbaşyly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada elektrik, suw üpjünçilik edaralaryndan we arassaçylyk gullugyndan teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ozal ilata mugt berlen tok, gaz we suw ýaly ýeňillikler tölegli edildi. Türkmen hökümeti munuň sebäbini ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we bazar ykdysadyýetiniň talaplary bilen düşündirdi.

Ýöne ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda girizilen tölegler köp sanly eli ýuka hojalyga goşmaça agram saldy. Habarçylarymyz ýurtda bu tölegleri töläp bilmeýän hojalyklaryň köpdügini ýygy-ýygydan aýdýarlar.

Häkimiýetler hojalyk hyzmatlarynyň tölegleriniň öz wagtynda geçirilişine gözegçiligi ýylda esasan iki gezek, hususan-da, ýanwar aýynda güýçlendirýärler.

Ýanwaryň ortalarynda Aşgabatdaky habarçymyz häkimiýetleriň ilatdan sarp edilen gazyň töleglerini almak işine polisiýany çekip başlandygyny habar berdi. Ol polisiýa işgärleriniň töleg geçirmedik ýaşaýjylara “administratiw temmi” çäreleriniň görüljekdigini duýdurýandygyny hem aýdypdy.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada aç-açan habar berip, ilatyň töleg geçirmekdäki kynçylyklary we munuň mümkin sebäpleri barada mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Buzmeýinde ýumrulýan jaýlaryň ýaşaýjylayna Arkadagdan jaý hödürlenýär
Häkimiýetler nägile raýatlardan nägile bolýar
Balkanda tölegsiz VPN-ler petiklendi, saglyk işgärlerine sosial ulgamlardan peýdalanmak gadagan edildi
Balkanyň häkimiýetleri gözellik hünärmenlerine gözegçiligini we gysyşyny ýene artdyrdy
Marynyň häkimiýetleri ýowar geçirip, howpsuzlygy güýçlendirip, prezidentiň saparyna taýýarlanýar
Lebaply daýhanlar: Häkimiýetler ýagşyň netijelerinden aman galmaga kömek etmeýär