Türkmendemirýollary agentligi VIP wagonlar üçin petekleriň satuwyny täzeden ýola goýdy

Türkmendemirýollary agentligi VIP wagonlar üçin petekleriň satuwyny täzeden ýola goýdy

Türkmendemirýollary agentligi ýolagçylar üçin ýokary hilli hyzmatlary hödürleýän VIP wagonlar üçin petekleriň satuwyny täzeden ýola goýdy.

Agentligiň metbugat gullugynyň Turkmenportala habar bermegine görä, VIP görnüşli wagonlar üçin petekler eýýäm wokzalyň kassalarynda satylyp başlandy. Ýakyn wagta şeýle petekleri railway.gov.tm saýty arkaly onlaýn satyn almak hem mümkin bolar.

Ýeri gelende bellesek, VIP görnüşli wagonlar ýolagçylar üçin goşmaça amatlyklary özünde jemleýär. Olaryň hataryna agşamlyk nahary, alkogolsyz içgiler we islege görä çaý ýa-da kofe girýär. Mundan başga-da, VIP wagonlaryň ýolagçylary bir gezeklik süpürgiçler (polotensalar), aýakgaplar we ýokary hilli ýapynjalar bilen üpjün edilýär. VIP görnüşli wagonlaryň küpeleri dört ýolagça niýetlenendir.

Şeýle-de VIP wagonlaryň ýolagçylary mugt Wi-Fi ulgamy arkaly dynç alyş maksatly wideoşekillere we filmere tomaşa edip bilerler.

Ýene degişli makalalar

Ýurduň günorta-günbatar sebitleri, şol sanda Nohur, Garawul geňeşlikleri sil suwlaryndan ejir çekýär
Türkmen-eýran serhedindäki bitarap zolakda awtobuslaryň ýol kireýi iki esse gymmatlady
Türkmen diplomatlary Bitaraplyk syýasatyny üzňeligiň däl, açyk dialogyň guraly hökmünde wagyz edýär
Halk Maslahatynda aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi
Balkandaky nagt ýetmezçiligi 'bankomatlarda gaýtalanýan näsazlyklardan' görülýär
Aşgabatda adaty karate boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty we Kubogy geçirildi
Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana resmi sapar bilen geler