Türkmendeňizderýaýollary agentligi kanton halkara sergisine gatnaşdy

15 20-nji oktýabrda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Guanžou şäherinde geçirilýän Kanton sergisine gatnaşdylar. Kanton sergisi dünýäniň dürli künjeginden işewür we senagat wekillerini ýygnaýan halkara sergisidir. Hytaýa eksport we import edilýän ähli harytlary üçin, bu uly göwrümli we gerimli geçirilýän Kanton halkara sergisi ýylyň dowamynda iki gezek geçirilýär.

Saparyň dowamynda Agentligiň wekilleri ýerli teklipleri öwrenmek, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda, ykdysady we ulag ulgamyny pugtalandyrmak maksady bilen Hytaý kompaniýalary bilen köp duşuşyklar we gepleşikler geçirdiler.

Ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagynyň mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, sergä gatnaşan Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe öndüriji kompaniýalary bilen, ýagny, Klassifikasion jemgyýetleri tarapyndan laýyklyk serifikaty bolan kebşirleýji elektrod we sim öndürýän Tianjin Minmetals CO.,LTD kompaniýasy, Tianjin Golden Bridge Welding Materials Group CO.,LTD.

kompaniýasy hem-de Bmm Science & Technology korporasiýasy, Hazar deňziniň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýaşyl syýasatyny üpjün etmek maksady bilen, gämileriň hereketlendirijilerinden howa zyňylýan hapalaýjy maddalary (CO2) azaltmak (dikarbonizasiýa) üçin niýetlenip gurnalýan katalitik konwerterleri öndürýän Three Way Group Exhaust kompaniýasy bilen, deňiz konteýnerlerini öndürmekde peýdalanmak mümkinçiliklerini öwrenmek üçin, üçek örtgüsini ýasaýan enjamlary öndürýän Cangzhou Xindingli Cold Bending Machinery CO.,LTD kompaniýasy hem-de şol üçek örtgüsiniň materiallaryny öndürýän Zhengzhou City Unites Steel industrial CO., LTD we Shandong Zhongsheng Materials CO.,LTD kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi.

Bu sapar, türkmen wekiliýeti üçin Hytaý bazaryny, aýratynlyklaryny we tehnologiki täzeliklerini öwrenmäge mümkinçilik boldy.

Bu barada Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi kärhanalarynyň maddy-tehniki binýadyny berkidýär
Ak Nesil bilim merkezi iňlis dili okuwlaryna güýzki kabul edilişigi yglan edýär
Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy
Dünýä ummanyndaky plastik çökündi üç esse artdy
Stiw Jobsuň Macintosh kompýuteri auksiona çykaryldy
Kim, haçan oýlap tapdy?