Türkmenfilm Funtowada Magtymguly baradaky filmiň käbir pursatlaryny surata düşürdi

Türkmenfilm Funtowada Magtymguly baradaky filmiň käbir pursatlaryny surata düşürdi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu günler türkmen kinoçylary, ýagny Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşginiň wekilleri Astrahanda döredijilik saparynda bolup, Magtymguly Pyragy barada dokumental film surata düşürýärler.

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň häkimliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, filmiň esasy pursatlary Priwolžkiý etrabynyň Funtowo obasynda ozal Türkmenistanyň hasabyna gurlan, şahyryň adyny göterýän umumbilim berýän mekdepde surata düşürildi.

Habarda nygtalyşy ýaly, şu günler türkmenistanly sungat wekilleriniň bir topary Astrahan sebitinde geçirilýän Hazar möwsümleri — 2023 nusgawy sungat festiwalyna hem gatnaşýarlar. Şol topar bilen Astrahana baran Türkmenistanyň halk artisti, görnükli opera aýdymçysy Atageldi Garýagdyýew Astrahan döwlet uniwersitetiniň seýilgähindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňünde şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdi. Şeýle-de edebi esasa görä, mekdepde filmiň dürli parçalary surata alyndy.

Funtowa obasynda türkmenler köpçülikleýin bolup ýaşaýar.Bu bolsa filmiň gyzykly hem täsirli bolmagyna, çykyş edýänleriň öz keşplerine örän jogapkärli çemeleşmegine ýardam edýär.

Turkmenportalda ozal habar berşimiz ýaly, şu günler türkmen kinoçylary daşary ýurtlaryň birnäçesinde bolup, 2024-nji ýylda belleniljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dokumental filmleri surata düşürýärler.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

WLADIMIR PUTIN AŞGABATDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYLYP GEÇIRILÝÄN HALKARA FORUMDA ÇYKYŞ ETDI
Wladimir Putin Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilýän halkara forumda çykyş etdi
Aşgabatda GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşi geçýär, ulag hereketi bölekleýin çäklendirilýär
Türkmenaragatnaşyk agentligi Ak şäherim Aşgabat sergisinde gazananlaryny görkezýär
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň we Grenlandiýanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler
Aşgabatda Gallery&Café by Durdy Bayramov atly ilkinji kafe-galereýasy açyldy