“Türkmengaz” we “Gazprom” gazyň bahasy boýunça oňşukly ylalaşyk baglaşar

ТАСС habar gullugynyň Türkmenistanyň prezidentiniň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýewe salgylanyp berýän habaryna görä, “Türkmengaz” we “Gazprom”, belki-de, Stokgolmdaky arbitraž sudunda gazyň bahasy boýunça oňşukly ylalaşyga gelerler.

“Meniň pikirimçe, oňşukly ylalaşyk bolar” diýip, ТАСС Kakaýewi sitirleýär.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň prezidenti oktýabrda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň hökümet diwanynyň başlygy Konstantin Çuýçenko we “Gazpromyň” başlygy Alekseý Miller bilen duşuşdy. Millet duşuşygyň netijeleri barada gürrüň edip, türkmen gazynyň 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan satyn alnyp başlanmakçydygyny aýtdy.

Satyn alynjak gazyň möçberi hakynda häzirlikçe hiç zat aýdylmaýar.

“Türkmengaz” 2015-nji ýylda “Gazpromyň” alan gazynyň bahasyny tölemeýändigini aýtdy we rus konsernini tölege ukypsyz diýip yglan etdi.

“Gazprom” muňa jogap edip, “Türkmengazyň” üstünden Türkmenistandan satyn alynýan gazyň bahasyna täzeden seredilmegini we $5 milliard möçerindäki tölegiň yzyna gaýtarylmagyny talap edip, Stokgolmdaky arbitraž suduna şikaýat arzasyny berdi.

“Gazprom” 2016-njy ýylyň başyndan türkmen gazyny satyn almagyny bes etdi.

Ýene degişli makalalar

“Gazprom” 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan türkmen gazyny satyn almagyny dikelder
09.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Berdimuhamedow “Gazpromyň” başlygy bilen ýene gaz söwdasyny maslahatlaşdy
20.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl : nebitgaz toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl : nebitgaz toplumy
Aşgabatda RF bilen ÝET, sanlaşdyrma we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maslahatlaşdylar