“Türkmengazyň” alymlary gaz pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarladylar

Türkmenistanyň gaz pudagyny dürlüleşdirmegi çaltlandyrmak maksady bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň alymlary we hünärmenleri pudagy ösdürmegiň konsepsiýasyny işläp düzdiler diýip, TDH döwlet habar gullugy 27-nji dekabrda habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, bu konsepsiýa gazy toplumlaýyn taýýarlamak we ugratmak, gaz çykaryjy enjamlary posdan goramak, olaryň tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek işleri bilen meşgullanýar, geologiýa-gözleg we buraw işlerini ylmy taýdan esaslandyrmak boýunça geotehnologik wezipeleri çözýär, dürli derejedäki çylşyrymly gaz we gaz kondensatly ýataklary işläp taýýarlamak, gazy gaýtadan işlemäge çenli dürli işlere gatnaşýar.

“Ýurdumyzyň gaz çykarýan we gaýtadan işleýän pudaklarynyň çig mal binýadynyň üstüni 2030-njy ýyla çenli ýetirmek üçin institut tarapyndan “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň gündogar ugurda gazly, merkezi tarapda gaz we ugurdaş nebitli, şeýle hem Türkmenistanyň günbatar sebitlerinde nebitli ýataklary gözläp tapmak maksady bilen geçirýän seýsmiki gözleg usullaryny (2D, 3D) hem-de geologiýa-gözleg buraw işlerini ylmy taýdan esaslandyrmak göz öňünde tutulýar” diýip, TDH habar berýär.

Gaz çykarmagyň meýilleşdirilen möçberleri häzirki wagtda, esasan, “Galkynyş”, “Döwletabat”, “Malaý”, “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy”, “Ýelguýy”, “Bagaja”, “Gazlydepe”, “Körpeje”, “Nebitlije”, “Akpatlawuk”, “Çekişler” ýaly işlenip taýýarlanylýan ýataklaryň hasabyna hem-de “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň çäklerinde, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklaryň hasabyna çykarylýar.

Ýatladýarys, Eýran bilen halkara arbitraž sudunda çözüljek konfliktden soň, şeýle-de rus “Gazpromy” türkmen mawy ýangyjyny almagy bes edeninden soň, türkmen gazynyň ýeke-täk alyjysy Hytaý bolup galdy.

Ýene degişli makalalar

Gaz pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasy: ýokary tehnologiýalar we eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak
27.12.2017 | “Türkmengaz” döwlet konserniň alymlary gaz pudagynyň toplumlaýyn ösdürmeginiň täze maksatnamasyny işläp taýýarladylar
Esenguly ýurdumyzyň iň gowy etraby
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna baýrak gowşuryldy
05.02.2019 | Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna baýrak gowşuryldy
Nebit we gaz alnyşynyň artmagy: 3D-seýsmik gözlegler we önümli täze gatlaklar