Türkmenhowaýollary agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär

Türkmenhowaýollary agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenhowaýollary agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 21-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Okuw mekdebi alty sany hünär boýunça hünärmen taýýarlaýar:

Mekdebe saglyk ýagdaýy Türkmenhowaýollary agentliginiň lukmançylyk merkeziniň talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) we gyzlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl, dalaşgärleriň ýaşy 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaba alynýar.

Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

Dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 24-25-i we 27-i we 28-i günlerinde Aşgabat şäherinde Türkmenhowaýollary agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenhowaýollary agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Aeroport. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 23 34 21.

Ýene degişli makalalar

Türkmenhowaýollary agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi talyplyga çagyrýar
Türkmenistan awiakompaniýasy uçarman käri boýunça okuwa kabul edilşigi yglan edýär
Ýaş sazşynaslaryň ylmy-amaly maslahaty
ImdatBot robototehnika merkezi mekdep okuwçylaryny tomusky okuw-dynç alyş ýygnanyşygyna we mugt açyk sapaga çagyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Jidda şäherine geldi, Aşgabatda dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görülýär, Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi we beýleki habarlar
Giriş synaglary okuw jaýlarynyň özünde geçiriler