“Türkmenhowaýollary” we Malaýziýanyň PETRONAS-y Aziadanyň hyzmatdaşlary bolar

Aziada 2017-ä taýýarlanmak boýunça Ýerine ýetiriji komitet 14-nji iýulda Türkmenhowaýollarynyň” Oýunlaryň resmi hyzmatdaşy boljakdygyny habar berdi.

“Türkmenhowaýollary” Aşgabat şäheriniň aeroportynyň ýokary hilli transport hyzmatyny hödürlemek bilen, şeýle-de biziň myhmanlarymyza entek türkmen topragyna aýak basmazlaryndan hem öň mähirli türkmen myhmansöýerligini görkezip, Oýunlara taýýarlykda uly rol oýnaýar” diýip, Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew aýtdy.

Aziadanyň myhmanlarynyň “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlary üçin internet arkaly bilet alyp bilmeýändiklerini bellemek gerek. 2017-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda internet arkaly bilet satmagyň iki tapgyrda gurnaljakdygy aýdylypdy, emma häzirlikçe bu kompaniýanyň hatda öz saýty hem ýok.

Ikinji hyzmatdaş Malaýziýanyň Türkmenistanda “Petronas Çarigali Snh Bhd” kompaniýasy arkaly işleýän milli nebit-gaz kompaniýasi -PETRONAS diýlip yglan edildi.

Mundan öň Oýunlara LG we Coca-Cola Turkmenistan kompaniýalarynyň howandarlyk etjekdigi mälim bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi
PETRONAS Çarigali Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar
Özbegistan türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarydyr ýaş alymlary daşary ýurtlarda saparda bolýarlar
PETRONAS “OGT 2023” maslahatynyň we sergisiniň altyn hyzmatdaşy boldy
PETRONAS Çarigali Sdn Bhd kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar
Türkmenistandaky Petronas Çarigali kompaniýasy işe çagyrýar