Türkmenistan 2023-nji ýylda öz ýük gämilerini gurup başlar

Türkmenistan 2023-nji ýylda öz ýük gämilerini gurup başlar

Türkmenistan 2023-nji ýylyň başynda öz ýük gämilerini gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada korabel.ru Turkmendeňizderýaýollary agentliginiň ýolbaşçysy Annadurdy Kösäýewiň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanda 2018-nji ýyldan bäri gämi abatlaýyş zawody işläp gelýär. Bu pudak ― Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin täze pudak. Şeýle-de bolsa, maýadarlarymyzyň goldawy bilen şu ýylyň ahyrynda ýa-da geljek ýylyň başynda ilkinji ýerli ýük gämilerimizi gurup başlamagy meýilleşdirýäris diýip, agentligiň ýolbaşçysy aýtdy.

Şu günler Awaza milli syýahatçylyk zolagynda 30-dan gowrak döwletiň we şonçarak halkara guramanyň wekilleriniň gatnaşmagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatynyň geçirilýändigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Resmi habarlar
Türkmendeňizderýaýollary agentligine täze ýolbaşçy bellenildi
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň wekiliýetini deňiz sammitine çagyrdy
Aşgabadyň esasy awtobus duralgasynyň şäheriň merkezinden çetine göçürilmegi köp ýaşaýjyda nägilelik döredýär
“Abadan” önümçilik kärhanasy mürepbeleriň täze görnüşini ýola goýdy
Akyldaryň okan mekdebi
Türkmendeňizderýaýollary agentligine täze ýolbaşçy bellenildi