Türkmenistan 21-nji ýanwardaky maslahata taýýarlykly barýar

Türkmenistan 21-nji ýanwardaky maslahata taýýarlykly barýar

Türkmenistanda Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyna taýýarlykly barylýar. Bu barada Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Hökümetiň düýn geçirilen mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi ― diýip, Türkmenistan gazeti ýazýar.

Bellenilişi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşi bir palataly ulgama öwürmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky taryhy başlangyjy halkyň arasynda uly goldawa eýe boldy. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda iş topary döredildi.

Raýatlardan gelip gowşan teklipler içgin öwrenilýär hem-de ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bilelikdäki maslahatynyň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşyljak degişli kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar.

Konstitusion özgertmeleriň hem-de öňde boljak bilelikdäki maslahatyň taryhy ähmiýetini düşündirmek we wagyz etmek maksady bilen, ýerlerde Mejlisiň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem bu meseleler boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda teleradiogepleşiklerde çykyşlar guraldy, syýasy-jemgyýetçilik häsiýetli makalalar çap edildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda 21-nji ýanwarda geçiriljek bilelikdäki maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi. Bilelikdäki maslahaty geçirmegiň meýilnamasy we onuň gün tertibi işlenip taýýarlanyldy. Guramaçylyk toparynyň mejlislerinde maslahatyň gün tertibi boýunça göz öňünde tutulýan meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasy
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi
Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda ilkinji Hökümet mejlisini geçirdi
Ösüşiň belent sepgitlerine tarap
AHAL WELAÝATYNYŇ TÄZE, DÖWREBAP EDARA EDIŞ MERKEZINIŇ BIRINJI TAPGYRYNYŇ TAMAMLANMAGYNA DEGIŞLI WEZIPELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY