“Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň söwda palatasyna özgerdilmegine umyt bildirilýär

“Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň söwda palatasyna özgerdilmegine umyt bildirilýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Türkmenistandaky ilçisiniň rezidensiýasynda penşenbe güni geçirilen resmi metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimow geljekde “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň ABŞ-nyň Türkmenistandaky Söwda palatasy hökmünde özgerdiljekdigine umyt edýändigini aýtdy.

Metýu Klimow ilçihananyň “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň alyp barýan işine we türkmen-amerikan işewürlik forumy arkaly geňeşiň bu ugurdaky tagallalaryna yzygiderli goldaw berýändigini nygtady. Şeýle hem geçen ýylyň dekabr aýynda ABŞ-nyň iki sany söwda wekiliýetiniň sapar bilen Aşgabada gelendigi bellenildi.

Metbugat ýygnagynda “John Deere”, “Boeing”, “General Electric”, “Visa Card International” we “Coca-Cola” ýaly meşhur amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmek islegleriniň bardygy mälim edildi.

Amerikan ilçisi ABŞ-nyň ilçihanasynyň Türkmenistanyň eksport harytlaryna, hususan-da, nebithimiýa, karbamid we beýleki dökünlerini satyn almaga gyzyklanma bildirýän amerikan kompaniýalarynyň türkmen kärdeşleri bilen özara gatnaşyklary ýola goýmagyna yzygiderli ýardam berýändigini aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda ilçi “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň we türkmen-amerikan işewürlik forumynyň binýadynda ýola goýlan söwda-täjirçilik ulgamyndaky işleri dowam etdirmäge özüniň ygrarlydygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

ABŞ ilçisi Aşgabadyň nebitgaz eksportlaryndaky diwersifikasiýa tagallalaryna oňyn baha berdi
ABŞ-nyň işewür wekiliýeti Türkmenistana sapar eder
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISINI KABUL ETDI
Raşid Meredow we ABŞ-nyň ilçisi Metýu Klimow birnäçe taslamalary maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň ilçisi bilen duşuşdy
Ýokary derejeli amerikan diplomaty: Türkmenistan-ABŞ gatnaşyklary köp ugurlarda ösýär