Türkmenistan Arap ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny has-da berkidýär

Şu ýylyň 13-15-nji marty aralygynda hormatly Prezidentimiz Ýakyn Gündogar sebitiniň möhüm ýurtlary bolan Kuweýt Döwletine we Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparlaryny amala aşyrdy.Milli Liderimiziň uly üstünliklere beslenen bu taryhy saparlary bu iki arap ýurdy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegine uly goşant goşdy. Şeýle hem saparlaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar bolsa, türkmen-kuweýt hem-de türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynda täze tapgyryň açylandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.Milli Liderimiziň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda ilkinjileriň hatarynda daşary ýurt saparlaryny bu arap ýurtlaryna amala aşyrmagy Ýakyn Gündogar sebiti bilen ysnyşykly hem-de netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

TÜRKMEN-KUWEÝTGATNAŞYKLARYNDATÄZE DÖWÜRHormatly Prezidentimiz 13-14-nji martda Kuweýt Döwletinde resmi saparda boldy.Bu sapar Kuweýt Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň çagyrmagy boýunça amala aşyryldy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň arasynda geçirilen gepleşikler dostluk we birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak ýagdaýynda bolup geçdi.

Kuweýt Döwletiniň Emiri türkmen Lideriniň häzirki saparyna ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny hem-de biziň dostlukly ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynda täze sahypany açýandygyny belledi.Döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky meselä degip geçip, munuň diňe bir milli we ikitaraplaýyn bähbitler däl-de, eýsem, dünýä hem-de sebit ykdysadyýeti üçin hem uly ähmiýete eýe bolan ösüşlere ýetirmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Ýakynda dabaraly ýagdaýda owgan böleginiň gurluşygyna badalga berlen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde Kuweýt Döwletiniň iri nebit-gaz kompaniýalary hem-de maýa goýum we maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Mundan başga-da, nebit-himiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary gurmakda özara tejribe alyşmak möhüm ugurlara degişli bolup durýar.Uglewodorodlardan taýýar önümiň önümçiligine aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistan hem-de Kuweýt bu önümçiligiň ýokary tehnologik ulgamyny döredýär, bu bolsa öňdebaryjy işläp taýýarlamalar hem-de nou-haular üçin giň meýdançadyr.Hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky çäreleri anyklaşdyryp, taraplar energetika pudagy boýunça bilelikdäki Türkmen-Kuweýt iş toparyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.Gepleşikler tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekildi.

Gazanylan ylalaşyklar doganlyk halklaryň arasyndaky ysnyşykly hem-de netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine möhüm itergi berer.Milli Liderimiz Kuweýt Döwletine amala aşyran saparynyň çäklerinde birnäçe ikiçäk duşuşyklar geçirdi, şeýle hem Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň Arap atlarynyň merkezine we “Dar Al-Athar Al-Islamiýa” muzeýine baryp gördi.

TÜRKMEN-EMIRLIKLERHYZMATDAŞLYGYNYŇAÝDYŇ ÝOLYDöwlet Baştutanymyz Kuweýt Döwletine resmi saparyny tamamlap, 14-15-nji martda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäherine resmi saparyny amala aşyrdy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynda hormatly Prezidentimiziň we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda gepleşikler geçirildi.Bu gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz ýaňy-ýakynda nobatdaky tapgyryna badalga berlen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge BAE-niň iri gurluşyk kompaniýalaryny hem-de maýa goýum we maliýe düzümlerini hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy we munuň bolsa, doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary has hem pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy ösdürmäge we berkitmäge uly üns berýändigi üçin, Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasyna minnetdarlyk bildirip, Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy hem-de bu saparyň türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.Taraplar geçirilen gepleşikleriň jemini jemläp, onuň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler we Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň ähli ugurlar boýunça doly möçberli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge meýillidigini tassykladylar.Gepleşikler tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň köp sanlysyna gol çekildi.Hormatly Prezidentimiz saparynyň çäklerinde emirlikleriň paýtagtynyň täze medeni desgasy — Luwr Abu-Dabi muzeýine baryp gördi.

Bu muzeý 2017-nji ýylyň noýabrynda açyldy.Şeýle hem 14-nji martda hormatly Prezidentimiz Abu-Dabide Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti we Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktum, BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ministri, BAE-niň Prezidentiniň iş dolandyryjysy Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.Hormatly Prezidentimiziň ýokary üstünliklere beslenen bu taryhy saparlary Türkmenistan bilen Arap ýurtlarynyň arasyndaky netijeli döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyryň açylmagyna uly mümkinçilik berdi.Milli Liderimiz daşary ýurt saparlaryny üstünlikli amala aşyryp, Watanymyza gaýdyp geldi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, şol mejlisde eden çykyşynda bu dostlukly ýurtlara amala aşyran resmi saparlarynyň netijelerine ýokary baha berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasyny gutlady
22.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Daşary ýurtly syýasatçylar milli Liderimiziň adyna gutlaglaryny iberýärler
04.09.2017 | Gurban baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimizi daşary ýurtly ýolbaşçylar gutlaýarlar
BAE-de maýa goýum ministrligi esaslandyryldy
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady