Türkmenistan Astrahan oblastyna pomidorlaryň ilkinji tapgyryny iberdi

Türkmenistan Astrahan oblastyna pomidorlaryň ilkinji tapgyryny iberdi

Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen ter pomidorlaryň ilkinji tapgyry Demirgazyk Günorta halkara ulag geçelgesi arkaly deňiz ulagynda Russiýanyň Astrahan oblastynyň Olýa deňiz portunyň gümrük nokadyna getirildi. Bu barada Astrahanyň resmi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri penşenbe güni habar berdi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda pomidor hasyly ýüklenen 40 ýük awtoulagy öz içine alýan bu paromyň gämi gatnawy iki ýurduň arasynda deňiz daşamalaryny ösdürmekde möhüm tapgyr bolup durýar.

Tiz zaýalanýan önümleriň durnuklylygyny saklamak maksady bilen bu önümi daşamakda ýörite amatly howa we çyglylyk gurşawyny döredýän ýük konteýnerleri ulanyldy.

Habarda bellenişi ýaly, parom gämisi 800 tonna belarus peýnirlerini, Russiýada öndürilen süýt önümlerini we beýleki harytlary alyp Türkmenistana dolandy.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Russiýa Federasiýasynyň “Lotos” ýörite ykdysady zolagy” paýdarlar jemgyýeti geçen ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Astrahan oblastynyň ýörite port ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Ýene degişli makalalar

Ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Mihail Mişustiniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi
Türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi
Türkmenistan Hazar sebitinde iri ulag merkezine öwrülip biler
Astrahanyň gubernatory: Sebitiň kompaniýalary Hazarda gämi gatnaw ugruny döretmäge taýýar
Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi