Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Bangkok ugry boýunça howa gatnawlaryny amala aşyrar

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Bangkok ugry boýunça howa gatnawlaryny amala aşyrar

Türkmenistan awiakompaniýasy 22-nji dekabrdan Aşgabatdan Bangkoga yzygiderli ýolagçy gatnawlarynyň ýola goýulýandygyny habar berdi. Uçuşlar her anna we şenbe günlerinde amala aşyrylar.

Häzirki wagtda Russiýadaky Türkmenistan awiakompaniýasynyň baş agentligi Kazan — Aşgabat — Bangkok ugurlarynda uçuşlary birikdirmek üçin howa petekleri satyp başlady. Bir taraplaýyn uçuşyň bahasy 32,318 rus rublundan başlaýar.

Türkmenistan awiakompaniýasynyň wekilleriniň Turkmenportala beren habaryna görä, ýakyn wagtda Türkmenistanda we Turkmenistan airlines saýtynda awiapetekleriň satuwy başlar.

Taýlanddan Türkmenistana uçuşlar üçin petekler Pattaýa we Bangkok şäherlerindäki türkmen howa gatnawçysynyň wekilhanalarynda hem elýeterli bolar. Awiakompaniýanyň daşary ýurtdaky ofisleriniň häzirki salgylary şu baglanyşykda görkezilýär.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi
Turkish Airlines Stambuldan uçuş ugurlaryny giňeldýär
Turkish Airlines: täze nyrhlar we amatly tertipnama
“Türkmen Howaýollary” Moskwa uçuçlaryny mart aýyna çenli dikeltmez
Özbek awiakompaniýasynyň uçary Türkmenistanda gyssanmaç gonmaly boldy
Türkmenistan awiakompaniýasy täzelenen halkara uçuş tertibini hödürledi