“Türkmenistan” awiakompaniýasy Dubaýa, Jidda, Abu-Dabä howa gatnawlaryny aprele çenli togtatdy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Dubaýa, Jidda, Abu-Dabä howa gatnawlaryny aprele çenli togtatdy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Aşgabat — Dubaý — Aşgabat, Aşgabat — Jidda — Aşgabat, Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat howa gatnawlaryny 2026-njy ýylyň 09-nji martyndan 01-nji aprele çenli togtatdy.

Awiakompaniýanyň duşenbe güni habar bermegine görä, ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler.

Şunuň bilen baglylykda, ýolagçylara awiabiletlerini yzyna gaýtarmak ýa-da uçuş senesini üýtgetmek üçin satyn alan ýerlerine ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmaklyk maslahat berilýär.

Şeýle hem awiakompaniýanyň web sahypasynda we online platformalarynda satyn alynan awiabiletler yzyna gaýtarylan ýagdaýynda pul serişdeleri töleg geçirilen bank kartyna yzyna gaýtaryljakdygy barada habar berilýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Jidda:

• Telefon belgisi:

+90 545 575 15 83

• Elektron salgy: ops@favorite-ias.com

Dubai şäheri:

• Telefon belgisi:

+971 50 280 05 08

• Elektron salgy: ticket.mida@gmail.com

Türkmenistan:

• Telefon belgileri:

+993 12 39-17-78,

23-03-15,

23-03-18

• Elektron salgy: info@turkmenistanairlines.tm

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy täzelenen halkara uçuş tertibini hödürledi
Türkmenistan Ýakyn Gündogara howa gatnawlaryny çäklendirýär, eýranly türkmenleri serhetden geçirmeýär’
Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň geografiýasyny giňeldýär
Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň sanyny artdyrýar
Saud Arabystanynа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Saud Arabystanynа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi