“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi. Şeýlelikde, awiakompaniýa dünýäniň 12 uly şäherine uçuşlary amala aşyrar.

Täze meýilnama laýyklykda, Aşgabatdan dürli ýurtlaryň şäherlerine uçuşlar dürli ýygylyklarda amala aşyrylar:

Hepdede 2 gezek: Dubaý (BAE), Jidda (Saud Arabystany), Pekin (Hytaý), Bangkok (Taýland), Hoşimin (Wýetnam), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), London (Angliýa), Maýn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Milan (Italiýa).

Hepdede bir gezek: Abu-Dabi (BAE).

Hepdede 5 gezek: Stambul (Türkiýe).

Hepdede 6 gezek: Moskwa (Russiýa).

Uçuşlaryň we olaryň meýilnamalarynyň doly sanawyny “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Çeşme: THP

Ýene degişli makalalar

Umra gitjek bolýan türkmenistanlylar ýurtdan çykmak we puluny yzyna almak kynçylygyny çekýär
Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
Hünärmenler täze halkara reýsleriň daşary ýurtlulary, Türkmenistana girizmeden, üstaşyr geçirmäge niýetlenendigini aýdýarlar
Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň geografiýasyny giňeldýär
Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň sanyny artdyrýar
Türkmenistan awiakompaniýasy Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine uçuşlaryny dowam etdirer