Türkmenistan awiakompaniýasy Kazandan Türkmenabada ilkinji howa gatnawyny amala aşyrdy, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli binalaryň satuwy boýunça auksion sanly platformada geçiriler, 2022-nji ýylyň maý aýy üçin suratlaryň saýlama toplumy

Türkmenistan awiakompaniýasy Kazandan Türkmenabada ilkinji howa gatnawyny amala aşyrdy, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli binalaryň satuwy boýunça auksion sanly platformada geçiriler, 2022-nji ýylyň maý aýy üçin suratlaryň saýlama toplumy

1. Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat Kazan Türkmenabat ugry boýunça ilkinji howa gatnawyny amala aşyrdy. Indi şäherara howa gatnawlary yzygiderli tertipde her hepdäniň çarşenbe güni amala aşyrylar.

2. Türkmenistanda ilkinji gezek döwlet eýeçiligine degişli emläkleriň satuwy boýunça auksion е.fineconomic.gov.tm sanly platformada geçiriler we şol platformanyň mobil goşundysy arkaly amala aşyrylar.

3. Türkmenistanyň ähli çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi badalga aldy. Paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan mekdep okuwçylaryny tomusky başdan geçirmelerini geçirjek ýerlerine bezelen awtobuslar alyp gitdiler.

4. Aşgabatdaky BMG merkezinde Kim meniň gahrymanym? atly surat bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça çagalar noutbuklar we ses beriji ulgamlar bilen sylaglandylar.

5. Turkmenportalyň fotogalereýasyndaky 2022-nji ýylyň maý aýynyň ýatda galyjy pursatlarynyň we wakalarynyň saýlama toplumy.

6. Türkmenistanyň Russiýadaky we Gruziýadaky wekilhanalary Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Tbiliside we Moskwada köpçülikleýin welosipedli ýöriş gurnadylar.

7. Birleşen Milletler Guramasy Türkiýäniň ähli resminamalarda ýurduň adyny üýtgetmek boýunça haýyşyny kanagatlandyrdy. Indi ähli halkara forumlarda we resminamalarda ýurduň ady Turkey däl-de, Türkiye görnüşinde ýazylar.

8. Golliwudyň meşhur aktýory Jonni Depp bilen onuň öňki aýaly Ember Herdiň arasyndaky uly ses getiren sud dawasynyň ahyrky netijesi kabul edildi. Amerikanyň Wirjiniýa ştatynyň kazyýeti 14 sagatlyk maslahatdan soň Ember Herde garşy töhmet arzasy boýunça Jonni Deppiň 15 mln amerikan dollary möçberinde kompensasiýa tölegini tölemegi babatda höküm çykardy.

9. 2023-nji ýylda Gazagystanda sambo boýunça Aziýa çempionaty we Aziýanyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçiriler. 10. Finalissima-2022-niň çäklerinde Italiýanyň milli ýygyndysy Argentinanyň milli ýygyndysyndan asgyn geldi (0:3). Duşuşygyň dowamynda Lautaro Martines, Anhel di Mariýa we Paulo Dibala garşydaşyň derwezesine gol geçirdiler. Oýnuň iň gowy oýunçysy hökmünde Lionel Messi saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
Messi we ýoldaşlarynyň Wembley-däki tangosy
Ýewropanyň we Amerikanyň çempionlarynyň duşuşygynda Argentina ýeňiş gazandy
Argentina Finalissimanyň ýeňijisi boldy
… we Dünýä Kubogy Messiniň ellerinde
Messi Katardaky dünýä çempionatynyň öň ýanyndaky iň uly gorkusyny aýtdy