Türkmenistan awiakompaniýasynyň pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçuşlarynyň petekleriniň möhleti gysgaldyldy

Türkmenistan awiakompaniýasynyň pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçuşlarynyň petekleriniň möhleti gysgaldyldy

Türkmenistan awiakompaniýasy pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçuşlaryň petekleriniň möhletini gysgaltdy. Petekleri 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli çalşyp bolýar. Bu barada Orient habar berýär.

Howa petekleri gidilýän ýurda baglylykda täzesine çalşyp bolýar. Meselem, eger-de ýolagçynyň Aşgabatdan Sankt-Peterburga ýatyrylan uçara petegi bar bolsa, ol ony Aşgabatdan Moskwa ýa-da Kazana tölegsiz çalşyp bilýär.

Petekleri Türkmenistanyň heniz uçuşlary ýola goýmadyk ýurtlaryna çalyşmak mümkin däldir. Şunda 1-nji martdan başlap, ähli ýolagçylaryň ozal satyn alnan peteklere tölenen pullaryny hiç hili tutumsyz yzyna gaýtaryp almaga mümkinçiligi bolar.

Ozal 2020-nji ýylyň 20-nji martyna çenli satyn alnan petekleri 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli çalşyp bolýardy.

Türkmenistan awiakompaniýasy häzirki wagtda Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) göni yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Ejeler güni bellenildi, Türkmenistanyň Baş konsuly Kazanyň häkimi (meri) bilen duşuşdy, Daýhanbank Türkmenistanda hyzmat edýän bank kartlarynyň sany boýunça öňdebaryjylaryň hatarynda we beýleki habarlar
Türkmenistan awiakompaniýasynyň Russiýadan gaýdan uçarlary Aşgabada gonar