Türkmenistan Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalyna gatnaşar

Türkmenistan Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalyna gatnaşar

Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli 2023-nji ýylyň 7 — 12-nji dekabry aralygynda Bişkek şäherinde Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwaly geçiriler. Bu halkara festiwala türkmen artistleri hem gatnaşar diýlip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Halkara festiwala ýurduň adyndan wekilçilik etjek Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary halkara festiwalyň çäklerinde Çingiz Aýtmatowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan Ak gämi atly sahna eseri bilen çykyş ederler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda halkara teatr festiwalyna gatnaşjak wekiliýet 6 — 13-nji dekabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynda iş saparynda bolarlar.

Belläp geçsek, türkmen teatrlarynyň sahnasynda Çingiz Aýtmatowyň eserleri esasynda birnäçe oýunlar sahnalaşdyrylyp tomaşaçylara ýetirildi.Gyrgyz ýazyjysynyň Ak gämi atly sahna eseri boýunça Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda hem adybir oýun sahnalaşdyryldy.

Türkmenistanlylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan sahna eseri şu ýylyň 14 — 16-njy noýabrynda Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde geçirilen Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwala gatnaşyjylara görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Gyrgyz intellektuallaryndan Kasym Tynystanow
Çingiz Aýtmatow
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Aşgabatda "Magtymguly Pyragy - asyrlaryň paýhasy" atly sebitiara onlaýn-konferensiýa geçirildi
Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy