Türkmenistan Aziýa Ýuwaş umman sebitinde diplomatik gatnaşygyny giňeldýär

Türkmenistan Aziýa  Ýuwaş umman sebitinde diplomatik gatnaşygyny giňeldýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde daşary syýasat gatnaşyklaryny berkitmek we Aziýa Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Aziýa Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada hasabat berdi.Bellenişi ýaly, çalt depginde ösýän bu sebit döwletleri bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak döwlet Baştutanymyzyň parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Daşary syýasat wezipelerini netijeli ýerine ýetirmek hem-de döwletara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen wise-premýer Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň akkreditasiýasyny giňeltmek boýunça teklipleri öňe sürdi.Bu tekliplere laýyklykda, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini şol bir wagtda Maldiw Respublikasyna hem ilçi wezipesine bellemek, şeýle-de Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisini şol bir wagtda Bruneý Darussalam Döwletine hem ilçi wezipesine bellemek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ugruna ygrarlydygyny nygtady.Döwlet Baştutanymyz Aziýa Ýuwaş umman sebitiniň dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini belledi.

Hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça öňe sürlen teklipleri makullap, Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere we daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý Darussalam Döwletiniň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Bruneý Darussalam Döwletiniň Soltanyny gutlady
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
15.09.2017 | Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň otuzysynyň baýdaklary galdyrdy