Türkmenistan “Belgorhimpromy” işlemeýän Garlyk kombinaty üçin suda berdi

Belarusyň “Belgorhimprom” kombinatynyň başlygy Wýaçeslaw Korşun 13-nji martda türkmen tarapyndan Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygy boýunça nägilelelikleriň bildirilendigini tassyk etdi.

Mundan öň näresmi hökümete tarapdar türkmen neşirleriniň biri Türkmenistanyň ulanmaga berlen desga babatdaky nägilelikleriniň sanawyny çap etdi.

Türkmen tarapynyň aýtmagyna görä, “Belgorhimprom”:

dag-kapital işlerini doly möçberinde tamamlamady;

howly sütünine golaý desgalaryň enjamlaşdyrylmagyny tamamlamady, şol sanda merkezi-peseldiji podstansiýany, ýerasty garažy, magistral-konnweýer transportyny, medisina punktyny, apparat jaýyny, ýangyn söndüriji ulgamy we ş.m.-leri;

taslama görkezijilerindäki özi ýük ýükleýän göteriji mehanizmiň işini sazlamady;

galan gurluşyk we elektro-tehniki işlerini tamamlamady;

wensilýasiýa we aspirasiýa boýunça işleri tamamlamady;

montaž işlerini we tehnologiýa prosesini dolandyrmak boýunça awtomatlaşdyrylan ulgamy sazlamagy tamamlady;

granulýasiýa we taýýar önümleri saklamak bölümlerindäki sazlaýyş işlerini tamamlamady;

enjamlary doly möçberinde ibermek işlerini tamamlamady;

tehnikalara we enjamlara ätiýaç şaýlaryny ibermegiň birini hem amal etmedi;

beýleki düýpli işleri tamamlamady.

Neşiriň ýazmagyna görä, belarus kompaniýasy bitirlmedik işleriň ählisini GDMBK ulanmaga berlenden soň bir ýylyň dowamynda bitirmegi wada berdi.

Belleýäris, açylanyna iki ýyl geçenden soň hem kombinat planlaşdyrylan möçberdäki önümiň diňe 2 prosentini öndürýär.

Wýaçeslaw Korşun, öz gezeginde, belarus kompaniýasynyň kaliý toplumynyň gurluşygy boýunça öz borçlarynyň bir bölegini ýerine ýetirmändigini inkär etmeýär, ýöne muňa türkmen tarapynyň günäkärdigini aýdýar. “Türkmenhimiýa” “Belgorhimproma” ýerine ýetirilen işler üçin töleginiň 150 million dollardan gowragyny tölemedi.

Biz töleg edilmegi zerur bolan işleri ýerine ýetirdik.Eger-de işe töleg edilmese, men näme üçin haýsydyr bir işi mugtuna ýerine ýetirmeli?!Haçanda bizde has netijeli tagalla edilmegini talap edýän, tölegiň boljagyny anyk düşündirýän taslamalar ýeterlikkä, men näme üçin Türkmenistana kredit bermeli?

Biz öz tarapymyzdan bitirilen işler üçin 150 million dollardan az bolmadyk möçberde töleg tölenmegini talap edýäris diýip, naviny.by neşiri “Belgorhimpromyň” baş direktorynyň aýdan sözlerini getirýär.

Ýatladýarys, “Türkmernistanyň Hronikasy” ozal “Türkmenhimiýanyň” bergilerini tölemeýändigi we “Belgorhimpromyň” işgärlerini kombinatyň işlerine tehniki gözegçilik etmek üçin goýbermebeýändigi barada habar berdi.

Belarus kompaniýasynyň esasy nägilelikleriniň biri, köpmillionly bergiden başga, türkmen tarapynyň olaryň tehnikalaryny saklap, taýýarlykly hünärmenleriň hyzmatyndan ýüz öwrüp, kombinatyň işini öz güýçleri bilen sazlamaga çalyşmagy bilen bagly boldy. Olar kombinatyň näaadogry ulanylýan bolmagyndan alada bildirdiler.

“Görnüşinden, “Türkmenhimiýa” bu tehniki hyzmatlar üçin başga potratçylary gözleýär” diýip belarus kompaniýasyna ýakyn durýan çeşme TH-a aýtdy.

Türkmen tarapy öz gezeginde “işleriň doly bitirlmezliginiň diňe önümçilik howpsuzlygyna real wehim salman, eýsem ilat arasynda pidalaryň, düýpli ekologiýa zaýaçylygynyň bolmagyna getirip biljek tehnogen hälekçiligiň döremek mümkiçiligini hem döredýändigini” aýtdy.

Türkmenistanyň resmi häkimiýetleri ýa-da “Türkmenhimiýa” konserniniň wekilleri bu maglumata häzirlikçe hiç bir düşündiriş bermeýär.

Ýene degişli makalalar

Belarus Türkmenistanyň nägileliginden habarlydygyny aýdyp, $150 million dollar talap edýär
“Belgorhimprom”: Türkmenistan bilen dawada özümiziň dogrudygymyza doly ynanýarys
Türkmenistan we Belarus çözülmedik dawasynyň fonunda, biznes forumyny geçirmegi planlaşdyrýar
Wýaçeslaw Wolodin Aşgabada geldi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Tähranda Azerbaýjanyň ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgardy, Türkmenistan we Germaniýa Aşgabatda syýasy geňeşmeler geçirdi we beýleki habarlar
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Aşgabada geldi
Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi