Türkmenistan bilen ABŞ bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen ABŞ bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary (ABŞ) durnukly ösüş nukdaýnazaryndan ykdysady, energetika we gurluşyk taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, maslahatlaşmalar Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarowyň ABŞ-nyň Eksport-import bankynyň (EXIM) ýolbaşçysy Reto Jo Lýus we ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň howanyň üýtgemegi boýunça ýörite wekiliniň orunbasary Riçard Dýuk bilen çarşenbe güni Waşington şäherinde bolan duşuşygynyň dowamynda geçirildi.

Duşuşykda durnukly ösüş taslamalaryny maliýeleşdirmegiň we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmegiň gurallary öwrenildi. Taraplar durnukly ösüşi üpjün etmekde bilelikdäki tagallalaryň ähmiýetini belläp, bu maksatlara ýetmek üçin maliýe we tehnologiýa serişdeleriň mümkin bolan çeşmeleri barada pikir alyşdylar.

“EXIM” bu daşary ýurtly alyjylara karzlary, kepillikleri we ätiýaçlaşdyryş hyzmatlary hödürlemek, ABŞ-dan haryt satyn alnyşyny goldamak we ýurduň içinde iş orunlaryny döretmek arkaly amerikan eksportuna ýardam edýän ABŞ-nyň döwlet banky bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Waşington şäheriniň EXIM bankynda duşuşyk geçirdi
Türkmenistan we ABŞ-nyň Eksport-import banky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY