Türkmenistan bilen Astrahan 2025-nji ýylda bilelikdäki işewürlik maslahatyny geçirerler

Türkmenistan bilen Astrahan 2025-nji ýylda bilelikdäki işewürlik maslahatyny geçirerler

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty 2025-nji ýylda “Astrahan oblasty Türkmenistan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” ady bilen işewürlik maslahatyny geçirerler.

Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar ministrliginiň habar bermegine görä, bu çäräni geçirmek meseleleri Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkowyň Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanow bilen sişenbe güni ady agzalan ministrlikde geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Telekeçilik meseleleri boýunça bilelikdäki astrahan-türkmen geňeşiniň 4-nji mejlisine taýýarlyk ugurlary, Balkan welaýatynyň häkiminiň başlyklygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparyny guramak, Astrahanyň ýörite ykdysady port zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek hem-de Aşgabat Astrahan Kazan ugry boýunça göni howa gatnawlaryny açmak bilen bagly meseleler duşuşygyň gün tertibinde boldy.

Duşuşygyň ahyrynda Wladimir Golowkow we Gadam Ilamanow 2025-nji ýylda Astrahan oblastynda geçiriljek halkara çärelere Türkmenistanyň gatnaşmagyny öz içine alýan geljegi uly hyzmatdaşlyk meýilnamasyny taýýarlamak hakynda ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Astrahan sebiti geljek ýyl işewürlik forumyny geçirer
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
ASTRAHAN ŞÄHERINDE SUW ULAGY UGRUNDA DÖREÝÄN DÖWREBAP MESELELERIŇ ÇÖZGÜDI ATLY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
Türkmenistan bilen Astrahan işewürlik geňeşiniň mejlisini geçirmek meselesini maslahatlaşdy