Türkmenistan bilen Azerbaýjan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekdi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekdi

Bakuda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda ikiçäk we giňeldilen düzümde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti duşenbe güni habar berdi.

“Zagulba” köşgünde resmi wekiliýetleriň gatnaşmagynda Serdar Berdimuhamedow bilen Ilham Aliýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Şondan soň iki ýurduň ministrlikleri, edaralary we döwlet düzümleri tarapyndan birnäçe ylalaşyklar hem-de özara düşünişmek hakynda ähtnamalar alşyldy.

Gol çekilen resminamalar energetika, senagat, ykdysadyýet, oba hojalygy, saglygy goraýyş, sport, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, gümrük işi hem-de maliýe ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem taraplar 20262028-nji ýyllar üçin senagat hyzmatdaşlygynyň maksatnamasyny we 20262029-njy ýyllar üçin daşary syýasat edaralarynyň hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etdiler.

Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň esasy ugurlary hakynda Ylalaşyk hem-de iýmit howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyk bar.

Giňişleýin düzümde geçirilen türkmen-azerbaýjan gepleşikleri tamamlanandan soňra, wideoaragatnaşyk arkaly Azerbaýjanyň Türkmenistana sowgat hökmünde beren “Dostluk” nebit tankeriniň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjan we Türkmenistan birnäçe ugurda, şol sanda energetika babatynda ylalaşyklara gol goýdy
Türkmenistan — Azerbaýjan: dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow Azerbaýjanda saparda boldy
Azerbaýjan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankerini sowgat berdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistan ulag, üstaşyr geçirme we logistika boýunça türkmen-azerbaýjan toparynyň işiniň işjeňleşdirilmegini goldaýar