Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garadylar

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garadylar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow sişenbe güni Baku şäherinde Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garadylar.

Gepleşikleriň dowamynda maýa goýumlar, üstaşyr geçelgeler, ulag we logistika ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Bu barada Mikail Jabbarow sosial ulgamlarynda habar berdi.

Şeýle hem taraplar söwda, energetika we özara gyzyklanma döredýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýeti Şähergurluşyk boýunça bütindünýä forumyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana bardy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä şäherler forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşýar
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 220-den gowrak desga gurulýar
Arkadag şäheri häzirki zaman tehnologiýalary bilen ekologiýanyň utgaşygynyň nusgasydyr
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary