Türkmenistan bilen Bahreýniň arasynda demirýol ulaglarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnama gol çekildi

Türkmenistan bilen Bahreýniň arasynda demirýol ulaglarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnama gol çekildi

Manamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda demirýol ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Bahrain News habar berýär.

Türkmendemirýollary agentligi we Bahreýn Patyşalygynyň Transport we Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan gol çekilen bu resminama iki ýurduň arasynda demir ýol ulaglary pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Umuman, Türkmenistanyň Prezidentiniň Bahreýne ilkinji resmi saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň 11-sine gol çekildi we kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny Milli güni mynasybetli gutlady
Türkmen tennisçi gyzlar Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda iki altyn medala mynasyp boldular
Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda türkmen tennisçi gyzlary uly üstünlik gazandylar
Manamada Türkmenistanyň Prezidenti bilen Bahreýniň Patyşasynyň arasynda gepleşikler geçirilýär
Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasyny Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy
Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyldy
Manamada ikitaraplaýyn resminamalaryň 11-sine gol çekildi