Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň ýolbaşçy komitetiniň we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça milli işçi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda geçirilen çärä BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, BMG-niň Türkmenistandaky edarasynyň hemişelik utgaşdyryjysy N. Saakýan, UNFPA-nyň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy A.Seýitliýewa, UNISEF-iň Türkmenistandaky wekili M.Faýazi, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili — Adalatçy, şeýle hem degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, ministr R.Meredow öz çykyşynda gatnaşyjylaryň ünsüni Türkmenistanyň ministrlikleridir edaralarynyň BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanalary bilen özara gatnaşyklarynyň mehanizmini we taslama-maksatnama çärelerini durmuşa geçirmegiň guralyny ulgamlaşdyrmagyň zerurlygyna gönükdirdi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan-BMG Strategiki maslahat Geňeşiniň işini täzeçe ýola goýmak, geňeşiň düzüminiň agzalyk meselelerine seretmek we täzelemek hem-de Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň, DÖM-iň we bu geňeşiň çäginde beýleki ugurlar boýunça bilelikdäki mejlisleri ýylyň başynda bilermenler derejesinde, ýylyň ahyrynda ýolbaşçylar derejesinde öňünden kesgitlenen gün tertibine laýyklykda geçirmegiň maksadalaýyklygy bellenildi.

Çykyş edenler, Çarçuwaly maksatnamanyň aşakdaky bäş maksatly toparynyň üns merkezine laýyklykda hukuk we durmuş-ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada pikir alyşdylar:

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan-BMG hyzmatdaşlygynyň uly geljegine we ýokary depginde ösjekdigine ynam bildirdiler diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň sergisinde importyň ornuny tutýan önümleriň köp görnüşi görkezildi
02.10.2017 | Türkmenistan we Russiýa medeniýet, ylym we bilim ugurlaryndaky gatnaşyklaryň giňemegi boýunça maksatnamalary pugtalandyrdylar
Türkmenistan we Russiýa ynsanperwer ugurlary boýunça gatnaşyklary giňledýärler
02.10.2017 | Türkmenistan we Russiýa strategiki hyzmatdaşlyk hakynda şertnama baglaşdylar
Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi
MFT kompaniýasy miwe suwlarynyň we gaplanan gök önümleriň eksportyny artdyrýar