Türkmenistan bilen Eýran sebitara işewür hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Eýran sebitara işewür hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda EYR-nyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň ýolbaşçylygyndaky işewür wekiliýet bilen duşuşyk gurnaldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Myhmanlar 2024-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparyny hoşallyk bilen ýatlap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda goňşuçylyk hem dost-doganlyk ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändiklerini nygtadylar.

Duşuşykda Ahal welaýatynyň we Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda syýahatçylyk, saglygy goraýyş, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek babatda pikir alşylyp, haryt üpjünçiligi, eksport, import meselelerine hem üns berildi.

Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistanda ägirt uly gurluşyk taslamalarynyň alnyp barylýandygy nygtalyp, Demirgazyk Horosan welaýatynyň wekiliýeti gurluşyk hem senagat ulgamynda Türkmenistan bilen işewür gatnaşyga taýýardygyny mälim etdi.

Türkmen wekiliýeti hem 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 20-22-ne Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen sergisini iki goňşy döwletiň hyzmatdaşlygynyň günsaýyn netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasy hökmünde belledi we türkmen-eýran dostlugynyň ebedi bolmagyny arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda işewürler duşuşygynyň iki ýurduň özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny dürli ugurlar boýunça ösdürmekde hem-de ykdysady mümkinçilikleri ýaýbaňlandyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy

Ýene degişli makalalar

Türkmen telekeçileri we işewürleri eýranda saparda boldular
Maşatda Türkmenistanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi
Eýran bilen Türkmenistanyň telekeçileri söwda mümkinçiliklerini giňeltmegi maslahatlaşdylar
Eýran Türkmenistandan 30 milliard kubmetr tebigy gaz almagy meýilleşdirýär
Balkanabatda Eýranyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi öz işine başlady
Türkmen diliniň gadymylygy we ösüş taryhy