Türkmenistan bilen Hytaýyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

21-nji noýabrda Pekinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelerde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi, hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ma Çžaosýu wekilçilik etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna ünsi çekdiler. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň derejesinde alnyp barylýan oňyn hem yzygiderli dialogyň döwletara gatnaşyklaryna itergi berýändigi, bu dialogyň dowamynda bolsa, özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek we berkitmek üçin meseleleriň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygy nygtaldy.

Halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygy barada bellendi. Şeýle hem taraplar “Merkezi Aziýa-Hytaý” hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri barada pikir alyşdylar.

Diplomatlar söwda-ykdysady ugurda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler, energetika, ulag-aragatnaşyk arabaglanyşygy, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň gidişini seljerdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
W.S.HAJIÝEW hakyndTürkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY