Türkmenistan bilen Müsüriň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny maslahatlaşdylar

14-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Müsür Arap Respublikasynyň daşary işler, emigrasiýa we daşary ýurtlardaky müsürlileriň işleri boýunça ministri Badr Abdelattiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge bolan özara gyzyklanmasyny bildirmek bilen, halkara parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini bellediler.

Köptaraplaýyn düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň we YHG-nyň çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyk hem tassyklandy.

Gepleşikleriň dowamynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Ýene degişli makalalar

YHG-nyň we Arap Bileleşiginiň umumy jarnamasy
10-njy noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Russiýa Federasiýasyna täze ilçi bellendi
Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyny geçirmek teklip edildi
Mary şäheriniň 2027-nji ýylda YHG-nyň syýahatçylyk paýtagty bolmagy teklip edilýär
Serdar Berdimuhamedow Daşkentde Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy