Türkmenistan bilen Özbegistan senagat-tehnologik guşaklygyny döretmek we Ýokary geňeşi döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan senagat-tehnologik guşaklygyny döretmek we Ýokary geňeşi döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar öňe sürüldi.

Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri senagat-tehnologik guşaklygyny kemala getirmek boýunça taslamany işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.Taslamanyň çäklerinde bäsdeşlige ukyply, eksporta gönükdirilen önümleri öndürjek bilelikdäki senagat kärhanalaryny we ýokary tehnologiýaly merkezleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri iki döwletiň serhedinde ulag-logistika merkezini gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.Bu merkez Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan Gündogar Günbatar ugry boýunça iri üstaşyr ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrüler. Şeýle hem bu ugurlary durmuşa geçirmek we döwletara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak maksady bilen Türkmenistan Özbegistan Ýokary geňeşini döretmek teklip edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň energetika pudagy. Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.
Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň, Gazagystanyň Prezidentleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Özbegistanyň ykdysadyýeti üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 8,5 göterim ösdi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady