Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak baradaky bilelikdäki Meýilnama gol çekildi

Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak baradaky bilelikdäki Meýilnama gol çekildi

Şu gün Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şehbaz Şarif bilen TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak baradaky bilelikdäki Meýilnama gol çekişdi.

Türkmenistanyň Pakistandaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyk türkmen wekiliýetiniň Pakistana iş saparynyň çäginde geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Mian Muhammad Şehbaz Şarif Pakistanyň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljak TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň gurluşyklarynyň mümkingadar çalt tamamlanmagynyň tarapdarydygyny tassyklady.

Premýer-ministr gol çekişlik dabarasynda çykyş edip, TOPH-uň sebitiň gülläp ösmegi üçin örän möhüm taslamadygyny nygtady hem-de bu taslamany durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak üçin Pakistanyň ähli tagallalary etjekdigini belledi.

Şol gün M.Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pakistanyň gury ýer goşunlarynyň baş sekretary, general Asim Munir bilen duşuşdy we onuň bilen TOPH we TOP taslamalarynyň durmuşa geçirilişi boýunça birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Bu bilelikdäki iri taslamalaryň ähmiýetini tassyklap, Pakistan tarapy bu meselede doly goldaw berjekdigine ynandyrdy.

Çeşmede bellenilişine görä, türkmen wekiliýetiniň Pakistana eden saparynyň dowamynda TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň taslamalary boýunça başga-da birnäçe duşuşyklar geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Peşewar şäherinde bolan terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Türkmenistanda Pakistanyň täze ilçisi işe başlady
Hormatly Prezidentimiz Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze saýlanan Premýer-ministrini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň saýlanan Premýer-ministrini gutlady