Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy $1 milliarddan gowrak boldy

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy $1 milliarddan gowrak boldy

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky 2021-nji ýylyň sekiz aýynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 1 milliard 86 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda penşenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda beýan edildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, söhbetdeşligiň başynda milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglygyny hem-de Russiýanyň dostlukly halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Habara görä, telefon arkaly gürrüňdeşligiň dowamynda söhbetdeşler türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde giň ugurlar boýunça okgunly we üstünlikli ösdürilýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda “Hazar bäşliginiň” çäklerinde özara gatnaşyklar köptaraply hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň şu ýyl Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini geçirmäge, şeýle hem ony ýüzbe-ýüz görnüşde geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Mundan başga-da, söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrydygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň artandygy bellenildi.Türkmen statistikasyna laýyklykda, şu ýylyň sekiz aýynda, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, haryt dolanyşygy 12,5% artdy. 2021-nji ýylyň sekiz aýynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 1 milliard 86 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Russiýanyň Baştutanyna ýurtda öndürilen waksinalaryň, PZR test-ulgamlarynyň hem-de derman serişdeleriniň Türkmenistana iberilmegine goldaw berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna berk ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Geçen hepdede Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Serdar Berdimuhamedow we Raşid Meredow, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli resmi iş sapary bilen paýtagtymyza gelen gubernator Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky Sankt-Peterburg hökümetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilelikdäki iş ugurlaryny, hususan-da, Aşgabatda Sankt-Peterburgyň Söwda öýüniň we Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Söwda öýüniň açylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Sankt-Peterburgyň gubernatory Serdar Berdimuhamedowy täze ýyl bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň...
Peterburg Türkmenistan üçin birleşdirilen materiallardan gämiler gurar
Sankt-Peterburgyň kompaniýalary “Aşgabat siti”-niň gurluşygyna gatnaşmakçy
Häkim Beglow: “Aşgabatda metro gurmak meýilleşdirilýär”
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI